Ýiten öý haýwanlaryny tapmaga kömek soran türkmenabatlylara basyş edilýär

Ýiten öý haýwanlaryny tapmaga kömek soran türkmenabatlylara basyş edilýär

Türkmenabat şäherinde ýitirim bolan öý haýwanlaryny tapmakda şäher ýaşaýjylaryndan ýardam soramak maksady bilen şäheriň içinde bildirişleri ýaýradýan haýwan eýelerine şäheriň polisiýa işgärleri tarapyndan basyş edilýär.

Türkmenabatly öý haýwanlarynyň eýeleri soňky iki aýyň dowamynda öýlerde saklanýan itleriň we pişikleriň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly wakalaryň artanlygyny aýdýarlar.

“Bahasy gymmat bolan it-pişikleriň ýitirim bolmagy bilen bagly ýagdaýlar barada şäherde iýuldan bäri gürrüň edilýär. Köplenç ýiten itler gijelerine howludan ogurlanýar ýa-da öz erkine daşa meýdan etmek üçin goýberilende ýitirim bolýar. Gymmat bahaly tohum pişikleriň bolsa, öý eýeleri ýok wagtynda ogrularyň jaýa girip alyp gitmegi bilen bagly ýagdaýlar boldy" diýip, pişigini ogurladan türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenabat şäheriniň Ürgenji, Üç-punkt etrapçalarynyň we Yslam Karimow köçesiniň ýaşaýjylary iýul aýynyň 15-den bäri, ýitirm bolan öý itlerini we pişiklerini gözlemek kompaniýasyny alyp barýarlar.

“Iýul aýynyň 15-de meniň Haski itim ýitdi. Adatça itimiň öýden gaçmak häsiýeti ýokdy. Men ony dessine gözläp başladym. Iki gün geçenden soňra, şeýle tohumly iti saklaýan, Yslam Karimow köçesinde ýaşaýan tanyşymyň hem itiniň ýitirim bolandygyny bilip galdym” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Ýiten öý haýwanlarynyň eýeleriniň ýerli polisiýa bölümlerine ýüz tutandygyny, emma etrap polisiýa işgärleriniň olara Türkmenabat şäher polisiýa bölümine ýüz tutmagy maslahat berendigini ýerli çeşmeler gürrüň berdiler.

“Şäher polisiýa edarasyna baranlara: 'Biz it-pişik yzarlaýan edara däl' diýip, arzalaryny almadylar” diýip, türkmenabatly gürrüň berdi.

Öý haýwanlaryny gözleýänler ýurtda bökdençsiz ulanyp bolýan messenjerleriň üsti bilen bildiriş ýaýradýarlar. Şeýle-de, olar bildirişleri şäheriň içindäki awtobus duralgalarynda we käbir jaýlaryň girelgelerinde kagyz görnüşde çap edip, ýaýradýarlar.

Pişigini gözleýän şäher ýaşaýjysy ýiten jandaryny gözlemekde başga raýatlardan kömek sorap, awtobus duralgalarynda, köçe çyralarynyň sütünlerinde we jaýlaryň girelgelerinde asyp çykan bildirişleriniň ertesi güni goparylandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenabatlylar ýiten öý haýwanlaryny gözleýän raýatlaryň öýlerine sentýabryň başynda polisiýa işgärleriniň baryp, olary rugsatsyz listowka ýaýratmakda aýyplap, soraga çekendigini gürrüň berdiler.

“Öýe baran polisiýa işgäri, uçastkowymyz däldi, emma, ol polisiýa eşigindedi. 'Näme sebäpden rugsatsyz listowka ýaýradýarsyňyz?Listowka ýaýradyp haýwan gözläp bolýandygy hakynda kimden öwrendiňiz?El telefonlaryňyzda Aşgabadyň haýwanat baglaryndaky haýwanlaryň suraty barmy?

It-pişikleriň jan-saglygy bilen gyzyklanýan Aşgabatlylary tanaýarmysyňyz?Birugsat şeýle bildirişleri ýaýratmaklygy dowam eden ýagdaýyňyzda administratiw tertip düzgüni bozmaklykda aýyplap, 15 sutka tussag ederis” diýip, türkmenabatly öz tanyşyna polisiýa tarapyndan edilen basyş barada gürrüň berdi.

Türkmenabatlylar öz ýiten haýwanlaryny tapmak üçin tagalla edýän ildeşlerine polisiýa tarapyndan kömege derek, basyş edilmeginiň sebäplerine düşünmeýärler.

Türkmenabadyň polisiýa bölümindäki çeşme anonimlik şertinde beren düşündirişinde, häkimiýetleriň öz itlerini we pişiklerini gözleýän adamlaryň hereketlerini haýwanlary goramak boýunça iş alyp baýran aktiwistleriň işjeňligi hökmünde kabul edýän bolmagynyň mümkindigini çak etdi.

"Polisiýa bölüminiň haýwanlaryň ýitirim bolmaklygy bilen baglanyşykly arzalaryň almaýandygy geň zat däl.Emma haýwan eýelerine basyş eden polisiýa işgärleri barada mende hiç hili maglumat ýok.Eger-de şäher ýa-da welaýat bölümi buýruk beren bolsa, men hökmany suratda bilerdim. Öý haýwanlaryny gözlemek üçin aktiw agtaryş işleriniň alnyp barylmagy MHM işgärleriniň gözüne düşen bolmagy mümkin.

Megerem olar haýwanlary goraýjy aktiwist bolmaklykda güman edilendir” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri köçelerdäki itleriň we pişikleriň ençeme ýyl bäri köpçülikleýin tutulmagynyň we köplenç ýowuzlyk bilen ýok edilmeginiň sebäplerini resmi taýdan düşündirmän gelýärler. Soňky birnäçe ýylda hatda raýatlaryň öz öýlerinde saklaýan haýwanlarynyň ogurlanmagy we öldürilmegi ýaly wakalar köpeldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa bardy
Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi
Kuzbassdaky şahtada partlama boldy
Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Öýüňizden çykman, dünýäni maşynly aýlanyň!