Ýiten batiskafda kislorod gutarýar

Ýiten batiskafda kislorod gutarýar

Atlantika ummanynda ýiten batiskaf enjamynda kislorod gutarýar diýip, Habar 24 ýazýar. Halas edijileriň maglumatlaryna görä, enjamda kislorodyň gory 40 sagada ýeter. Radarlaryň ekranyndan enjam suwa çümeninden 1,5 sagat soňra ýitirim boldy. Onuň Titanik gämisiniň galyndylarynyň arasynda togtap galan bolmagy mümkin diýlip çak edilýär.

Enjamy gözlemek işlerine ABŞ-nyň we Kanadanyň harby-deňiz güýçleri hem-de çuňluklary öwrenmek bilen meşgullanýan telekeçilik kompaniýalary gatnaşýarlar.

Batiskafda bäş adam, olaryň arasynda batiskafyň eýesi bolan OceanGate Expeditions amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stokton Raş, fransuz akwanawty Pol-Anri Naržole we britan milliarderi Hemiş Harding bolmaly.

Ýene degişli makalalar

Titanigiň ýolagçylaryny halas eden gäminiň kapitanynyň sagady 2 million dollara satyldy
Kemeron Awataryň ikinji bölümi üçin 95 million dollar gazandy
Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegi toplandy, Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak önüm öndürdi, Türkmenistanda güýçli ýagyş ýagar we beýleki habarlar
Aşgabatda Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary ýaňlanar
Türkmen wekiliýeti Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar
“Terminatory” dowam etdirmäge hyýallanýar