Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkeziniň daşyna haýat aýlanyp, häzir hem onuň ýer-ýegsan edilmegine garaşylýandygy aýdylýar.
Bu barada “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berýär.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-telegram {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-telegram img {
width: 60px;
}
#GR-952-telegram:hover {
outline: 2px solid #61a8de;
}
#GR-952-telegram .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-telegram span {
color: #61a8de;
}
#GR-952-telegram p {
font-size: 18px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-telegram p {
font-size: 21px;
}
#GR-952-telegram img {
width:130px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň
Ýeri gelende bellesek, türk işewürleriniň eýeçiliginde bolan “Ýimpaş” söwda merkeziniň we oňa ýanaşyk duran “Ýimpaş täjirçilik merkeziniň” 2016-njy ýylyň aýagynda ýapylmagynyň sebäpleri häzirki güne çenli mälim edilmedi. Ýöne bu wakadan öň “Ýimpaş” söwda merkeziniň dürli basyşlara sezewar edilýändigi barada, maglumatlar peýda bolup başlapdy.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady. Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-news-app {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-news-app img {
display: none;
}
#GR-952-news-app:hover {
outline:2px solid #EA6903;
}
#GR-952-news-app .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-news-app span {
color: #EA6903;
}
#GR-952-news-app p {
font-size: 16px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 480px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 18px;
}
#GR-952-news-app img {
display: block;
width: 72px;
}
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 20px;
}
#GR-952-news-app img {
width: 152px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň
Şol bir wagtyň özünde-de, türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Yimpaş” söwda merkezine edilen basyşlar we onuň ýapylmagy Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşikli edaralaryň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem ýapylmagynyň yzýanyna gabat geldi.
Bu aralykda, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri “Ýimpaşa” ýanaşyk duran Senagat täjirçilik bankynyň binasynyň hem geçen aý ýumrulmagyna ünsi çekip, resmileriň ozalky söwda merkeziniň “paýtagtyň arhitektura keşbine kybap gelmeýändigini” çaklan bolmaklarynyň mümkindigini belleýär.
1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20,000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18,000 m2 meýdany eýeläp, onda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýärdi.
Galyberse-de, geçen ýylyň fewralynda paýtagtdaky ýene bir gelim-gidimli söwda merkezi “A-Market” ýapylyp, onuň öňki eýesi Döwlet Ataýew 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Mundanam başga, Aşgabatda “Merdem” we “AlpEt” ýaly meşhur restoranlaryň eýesi Resul Atageldiýewe-de 25 ýyl türme tussaglygy berlipdir. Bu telekeçileriň Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi aýdylýan bilim edaralary bilen gatnaşyklary bardy.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda we onuň eteklerinde “paýtagty abadanlaşdyrmak” şygary astynda, müňlerçe ýaşaýyş jaýy ýer-ýegsan edilip, olaryň eýeleriniň aglabasyna hem degişli kompensasiýa berilmändi.