ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro Türkmenistana amala aşyran saparynyň yz ýany, türkmen häkimiýetlerini söz-beýan azatlygy we media azatlygy babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmäge çagyrdy. Bu barada guramanyň websaýty 11-nji iýulda habar berdi.
Ribeýro saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, türkmen parlamentiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Arslan Aşyrow we türkmen adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa dagy bilen duşuşyk geçirdi.
Ol kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda ýurtdaky media azatlygynyň bir topar kynçylygyny ara alyp maslahatlaşdy diýip, Guramanyň habarynda aýdylýar.
Ribeýro, hususan-da, Türkmenistanda maglumata çäkli elýeterlilik bilen bir hatarda, maglumatlaryň, hem onlaýn hem-de oflaýn, erkin akymynyň çäklendirmelerine aýratyn ünsi çekdi.
Ol häkimiýetleri söz-beýan azatlygy we media azatlygy babatynda ÝHHG-niň degişli borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
"Şu günki günde özara garaşly dünýäde metbugat azatlygy diňe onlaýn maglumat ekosistemasyna bolan elýeterliligi deň üpjün etmek arkaly gazanylýar" diýip, Ribeýro aýtdy. Ol internet düzümlerine doly we çäklendirilmedik elýeterliligiň howpsuz we demokratik jemgyýetiň aýrylmaz zerurlygy bolan media plýuralizminiň möhüm bölegini emele getirýändigini nygtady.
Pikir alyşmalaryň dowamynda metbugat kanunçylygyndaky kynçylyklar, garaşsyz jemgyýetçilik hyzmatlaryny hödürleýän habar serişdeleriniň möhüm orny, Türkmenistanda žurnalistleriň howpsuzlygy bilen baglanyşykly anyk aladalar we metbugat işgärleri üçin zerur bolan howpsuz gurşawy pugtalandyrmak babatynda Metbugat azatlygy wekili bilen häkimiýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahat edildi diýip, habarda aýdylýar.
ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili pugtalandyrylan dialogyň zerurdygyny nygtady we Türkmenistanda media azatlygyny kämilleşdirmek üçin, häkimiýetler, beýleki ýerli we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemekde öz ýardamlaryny teklip etdi diýip, Gurama aýdýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ÝHHG wekili bilen geçirilen duşuşyklar barada gysgaça maglumat çap etdi.
“Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem metbugat azatlygy boýunça wekiliniň mandatyna degişli ÝHHG-niň üçünji ölçeginiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habarynda aýdylýar.
Türkmenistan metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda ýyllarboýy iňňän pes bahalara mynasyp bolýar.
Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 3-nji maý Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap eden iň täze ýyllyk hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda yzdan dördünji orny eýeläp, 176-njy bolupdy.
“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe režimi taryplamaga gönükdirilýär” diýip, metbugat azatlygyna esewan ediji gurama özüniň iň täze hasabatynda aýtdy.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Article 19 adam hukuklary guramasynyň dünýäde beýan azatlygynyň ýagdaýy boýunça geçen hepde çap eden iň täze hasabatynda Türkmenistan 161 ýurduň arasynda Demirgazyk Koreýadan we Siriýadan öňe saýlanyp, 159-njy setire mynasyp boldy.
Ýurtda garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdesi hökmünde ykrar edilen media guramasy ýok, döwlet eýeçiligindäki teleradio kärhanalary we metbugat serişdeleri diňe döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak we ýutda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri taryplamak bilen borçlandyrylýar.
Häkimiýetler raýatlara öz pikirlerini erkin aýtmaga, erkin beýan etmäge rugsat bermezlikde tankyt edilýär, pikir beýan etmegiň ähli gurallary, media guramalary, şol sanda teleradio kärhanalary, metbugat serişdeleri, gazet-žurnallar, galyberse-de, onlaýn neşirler, hökümetçi habar saýtlary, sosial media saýtlary, mundan başga-da sungatyň we edebiýatyň üsti bilen pikir beýan etmegiň gurallary, umuman, erkin pikir beýan etmek üçin zerur bolan ähli serişdeler Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.