ÝHHG-nyň saýlawlara baha bermek boýunça missiýasy, Türkmenistanyň DIM-niň çakylygy bilen 12-nji fewralda prezident saýlawlaryna syn edeninden soň, jemleýji hasabatyny taýýarlady.
10-njy maýda çap edilen hasabata laýyklykda, prezident saýlawlary berk kontrollyk edilýän syýasy ýagdaýlarda geçdi. Iş başyndaky prezidentiň agalyk ediji ýagdaýy we hakyky oppozisiýanyň hem-de paýhasly plýuralizmiň bolmazlygy saýlawçylaryň seçgilerini çäklendirýär. Saýlaw prosesiniň esasy aspektleri boýunça anyk düzgünleriň bolmazlygy saýlawlaryň geçirilişine, aýratynam aşaky derejelerde, ýaramaz täsir ýetirdi.
MST (Merkezi saýlaw topary) tarapyndan guralan çärelerden başga kampaniýalar bolmady, gazaply çäklendirmeler ýagdaýynda işleýän köpçülikleýin habar serişdeleri bolsa iş başyndaky prezident üçin görnetin artykmaçlyk döretdiler.
2016-njy ýyldaky konstitusiýa düzedişleri netijesinde prezidentlige kandidatň ýokary ýaş çägi aýryldy we prezidentlik möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla uzaldyldy.Saýlaw kodeksine golaýda girizilen düzedişler hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlamazdan kabul edildi we bu ýagdaý ÝHHG-nyň borçnamalaryna ters gelýär.
Mundanam başga, bu düzedişlerde ÝHHG/DIAHE-niň ondan öň beren rekomendasiýalary nazara alynmady.Soňky düzedişlerde prezidentiň roly baradaky düzedişler bolsa, häkimiýet bölünişiginiň ýoklugy bilen baglylykda ynjalyksyzlyk döretdi.
Hasabatda türkmen kanunçylygynyň saýlawçylaryň hemişelik merkezleşdirilen reýestrini nazarda tutmaýandygy bellenilýär, şeýle-de aktualizasiýa prosedurasy we saýlawçylaryň sanawynyň ýöredilişi ýazylyp beýan edilýär. Şu ýagdaýda sistema köp gezek ses berilmeginiň we saýlawçylaryň sanawlarynyň dublirlenmeginiň öňüni almak mehanizmlerini goldamaýar.
Saýlawçylaryň sanawlarynyň aktualizasiýa prosesi saýlaw adminstrasiýasynyň wezipeli adamlary tarapyndan öýlere aýlanylmagyny hem öz içine alýar.Bu usulyň saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hem ýygnalmagy bilen utgaşmagy saýlawçylaryň gorkuzylmak ähtimallygy bilen baglylykda alada döretdi.
MST-nyň maglumatlaryna görä, 3 244 342 saýlawçy hasaba alyndy, emma ilatyň sany barada resmi statistikanyň bolmazlygy bu sanlaryň ynamdarlygyny kesgitlemäge mümkinçilik bermedi.
Prezident saýlawlaryna gatnaşmagyň inklýuziw prosesiniň çäginde dokuz kandidat üç kandidat syýasy partiýalardan, alty kandidat bolsa saýlawçylaryň inisiatiwa toparlaryndan hasaba alyndy. saýlaw kodeksine golaýda girizilen dzüzedişler netijesinde jemgyýetçilik guramalary indi öz kandidatlaryny hödürlemek mümkinçilini almadylar. Aýal kandidat bolmady.
Kampaniýa berk kontrollyk görnüşinde geçdi. Kampaniýanyň çägindäki çäklendirilen çäreler MST tarapyndan gurnaldy we maliýeleşdirildi, agitasiýa-wagyz materialalrynyň taýýarlanmagyna hem MST ýekemen, özbaşdaklykda jogap berýär. Bu, prezidentiň şekilleriniň onuň resmi işjeňliginiň hemme ýerde wagyz edilmegi bilen bir hatarda, kandidatlara saýlawdan öňki kampaniýa mahalynda deň mümkinçilikleriň döredilmändigine şaýatlyk edýär.
Dokuz kandidatyň bolmagy syýasy dürlügiň görnüşini döreden hem bolsa, ol saýlawçylara syýasy alternatiwalaryň arasyndan hakyky seçgi etmek mümkinçiligini bermedi, sebäbi kandidatlaryň platformalary biri-birinden tapawutlanmady.
Kampaniýalaryň maliýeleşdirilişi düzgünleşdirilmeýär. Döwlet maliýeleşdirmesinden başga, kanunda agitasiýa-wagyz işleriniň garaşsyz, şeýle-de hususy şahslaryň hasabyna maliýeleşdirilmegi nazarda tutulmandyr. Kampaniýalaryň bahasy barada hiç bir anyk hasabat soralmaýar, jemgyýetçilige bu barada hiç bir maglumat berilmeýär.
Metbugat sredasynda, ähli habar we maglumat gulluklarynda döwlet monopoliýasy we gazaply kontrollyk höküm sürýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde plýuralizmiň we garaşsyzlygyň bolmazlygy saýlawçylary aňly-başly seçgi üçin zerur bolan dürli görünşli nukdaý-nazarlaryň bolmagyndan mahrum edýär. Bu ýagdaý ÝHHG-nyň borçnamalaryna gabat gelmeýär.
Saýlaw kodeksi saýlawlaryň beýan edilişinde deňagramlylygy we tarapsyzlygy talap edýär we diňe dandidatlaryň pulsuz efir wagtyna bolan hukugyny görkezýär. Mundanam başga, iş başyndaky prezidentiň köpçülikleýin habar serişdelerinde görkezilişi beýleki dalaşgärlere garanda has giň boldy we bu ýagdaý deň mümkinçilikler prinsipine garşy gelýär.
Saýlaw kodeksinde ähli prosese halkara we graždan synçylary tarapyndan gözegçilik edilmelidigi baradaky düzgün halkara borçnamalaryna laýyk gelýär. Umuman alnanda, häkimiýetler çärelere syn etmek üçin ýeterlik derejede we päsgelçiliksiz mümkinçilik döretdiler. Saýlawlara syn eden jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi öz gözegçiliklerini partiýalaryň we kandidatlaryň gözegçileri bilen utgaşdyrdylar. Bu olaryň gözegçiliginiň garaşsyzlygyny çäklendirdi.
Saýlaw kodeksi saýlawlara gatnaşjylaryň arz we şikaýat edip bilmekleri üçin ýeterlik mümkinçilik döreden-de bolsa, sudlara ýa-da islendik görnüşdäki komissiýalara hiç hili şikaýat edilmedi. Düzgün bolşy ýaly, saýlawçylar we aşakdaky saýlaw komissiýalarynyň wezipeli adamlary, görnüşinden, şikaýat etmek praktikasyny bilmän galdylar. Şikaýatlara öz wagtynda seretmek kanun tarapyndan kepillendirilýär, emma sud kararyny çap etmek talaby ýok.
Missiýanyň agzalarynyň baryp gören saýlaw uçastoklary, çäklendirilen möçberlerde, ses berişligiň geçirilmegi üçin gowy taýýarlandy, emma düýpli düzgün bozmalar, şol sanda başga adamlara derek ses bermek, köp gezek ses bermek, saýlawçylaryň gollaryny galplaşdyrmak, sesleriň sanalmagyna täsir ýetirmek bellige alyndy. MST saýlawlaryň gutarnykly netijelerini kanunda kesgitlenen wagt içinde, gatnaşygy 97,27% we iş başyndaky prezidentiň alan sesini 97,69% diýip görkezmek ýbilen, resmi taýdan yglan etdi.
ýatladýarys, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda prezident saýlawlary boldy we onda Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji gezek ýeňiş gazandy. Ol ilkinji prezident saýlawlarynda sesleriň 89,23% -ni, ikinjide 97,14%-ni aldy.
Saýlawlaryň nähili geçendigi barada biziň “Saýlawsyz” saýlawlar ýa-da Diktatoryň halkara güni” atly makalamyzda gürrüň berildi.