29-30-njy awgustda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezinde hukuk goraýjy oraganlaryň wekilleri, Zähmet ministriligi, Adalat ministrligi, Ombudsmeniň edarasy we Mejilisiň (parlamentiň) deputatlary üçin zähmet migasiýasy boýunça seminar okuwlaryny gurady.
Guramanyň saýtynda habar berilmegine görä, ÝHHG-nyň ekspertleri emeldarlara zähmet migrasiýasyny ykdysady ösüş üçin nähili ulanmalydygyny düşündirdiler.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozdyň sözlerine görä,”seminar ÝHHG-nyň ykdysady häsiýetli migrasiýa hadysasy babatdaky işe özboluşly çemeleşmesini açyp görkezdi we milli progarammalary işläp düzmeklige jogapkär adamlara, şeýle-de hünärmen-praktiklere we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine durmuşdaky mysallary ara alyp maslahatlaşmak, mundan aňryk hem hyzmatdaşlyk etmegiň anyk hereketlere gönükdirilen ugurlaryny kesgitlemek mümkinçiliklerini hödürlediler”.
Şol bir wagtda habaryň tekstinden seminar okuwlarynda Tüçrkmenistanyň raýatlarynyň käbiriniň halkara uçarlaryna goýberilmezligi ýa-da daşary ýurly hünärmenleriň ýurda çekilişi bilen bagly meseleler barada gürrüň edilendigi aýdyň bolmaýar.
Belleýäris, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy, eşýle-de ýörite gulluklaryň wekilleri köplenç ýurduň raýatlarynyň daşary ýurtlara uçmagynyň öňüni alýarlar we muňa hiç bir düşündiriş hem bermeýärler. Uçara goýberilmedik ýolagçylaryň ähli soragyna olaryň ýurtdan goýbermesizleriň sanawyna girizilendigini, ähli soraga jogaby Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky baş edarasyndan alyp boljagyny aýdyp jogap berýärler ýa-da diňe zoňtar “bolanok” diýen söz bilen çäklenýärler.
“Türkmenistanyň Hronikasy” ÝHHG-nyň edarasyna bu baradaky anyklaşdyryjy soraglaryny ugratdy, emma häzirlikçe jogap almady.