ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär

ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär

24-nji iýunda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan guralan lukmançylyk ulgamynyň hünärmenleri üçin okuw başlandy diýlip, Newscentralasia ýazýar.

Okuwa uzak sebitlerde işleýän we adatdan daşary ýagdaýlarda, hadysalarda ilkinji kömegi berýän, halas ediş işlerine ýöriteleşen 24 serhetçi gatnaşýar diýlip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi habar berdi.

Bu okuw oňa gatnaşyjylaryň amaly endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, hassahanadan öňki döwürde ilkinji kömegi bermegiň häzirki zaman we täsirli usullaryna bagyşlanýar.

Okuwyň açylşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor çykyş edip, ol: Iň oňat halkara tejribesi islendik dogry taýýarlanan adamyň ilkinji kömegi berip biljekdigini görkezýär. Şeýlelik bilen şeýle taýýarlyk adamyň ömrüni hatda agyr ýagdaýda-da halas edip biler diýdi.

Bu okuwy Germaniýadan gelen iki sany halkara lukmançylyk hünärmeni tarapyndan alnyp barylýar. Okuw Germaniýanyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen merkeziň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek atly taslamasynyň çäginde guraldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Jon MakGregor: "Gapma-garşylyklaryň soňuna diňe dialog arkaly çykyp bolar"
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Türkmenistany ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl