ÝHHG-niň başlygy guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasyna baryp gördi

ÝHHG-niň başlygy guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasyna baryp gördi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Türkmenistana edýän saparynyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasyna baryp gördi. B.Osmani bu ýerde ösüşiň we durnuklylygyň alamaty hökmünde ilkinji agaç nahalyny ekdi.

Ilçi MakGregora we siziň toparyňyza mähirli garşy alanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýaryn. ÝHHG-niň başlygy hökmünde men ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ähli işgärleriniň çeken zähmetine ýokary baha berýärin diýip, Buýar Osmani Twitterde ýazdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy. Şeýle hem Buýar Osmani Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Türkmenistany ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 atly halkara maslahat 27-nji oktýabra çenli dowam eder
Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl
Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi