ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy türkmen deputatlaryna we emeldarlaryna saýlawyň nämedigini düşündirdi, DIM-de bolsa, GDA-niň synçylary bilen duşuşdylar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy türkmen deputatlaryna we emeldarlaryna saýlawyň nämedigini düşündirdi, DIM-de bolsa, GDA-niň synçylary bilen duşuşdylar

28-nji fewralda DIM-de ministrligiň başlygy Raşid Meredow Türkmenistanyň prezidentligine saýlawlarda işlejek GDA-niň synçylary bilen duşuşdy diýip ministrlik habar berýär.

Şol topara GDA-niň ýerine ýetiriji sekretary-ýerine ýetiriji toparynyň başlygynyň orunbasary Leýonid Anfimow ýolbaşçylyk edýär.

Taraplar saýlawlara taýýarlyklar we halkara synçylarynyň işlerini gurnamak barada maslahatlaşdylar.

Şol günüň özünde, synçylaryň Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynda duşuşygy boldy.

“Synçylaryň saýlaw kampaniýasyna gözegçiligi şol sanda, dalaşgärleriň işleri ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary üçin ähli şertler döredildi. Şeýlede zerur guramaçylyk tehnikasy we aragatnaşyk bilen üpjün edilen missiýanyň Ştaby hem açyldy” diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Missiýanyň işgärleriniň wezipelerine-synçylaryň akkreditasiýasyna kömek etmek, guramaçylyk meselelerini çözmek, synçylary sebitlere bellemek, saýlawlar güni olaryň işlerini gurnamak,hasabatlary taýýarlamak we olary derňemek girýär.

“GDA-niň synçylarynyň missiýasy ähliumumy kabul edilen halkara kadalary garaşsyz, ýurdyň içki işlerine goşulman durmuşa geçirmekden ybarat. Missiýanyň wezipesi-azat we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine kömek etmek” diýip Anfilowyň aýdandygyna TDH salgylanýar.

Mundan başga-da, 28-nji fewrlada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň howandarlygynda saýlawlary geçirmek barada iki günlik tälim geçirilýär. Oňa ýurüyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň seýlede syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Telereportaja laýyklykda, ÝHHG-niň merkeziniň başlygy Jon MakGregor tälime gatnaşýanlara saýlawyň nämedigini düşündirýär.

Mundan bir gün owal, 27-nji fewralda DIM Raşid Meredow Türkmenistanyň çet ýurtlardaky diplomatiýa wekilýetleri bilen prezidentlik saýlawlary mowzugyndan onlaýn duşuşyk geçiripdi.

Habarlara görä, Türkmenistanyň 30 sany çet ýurtdaky ilçihanasynda we konsulhanasynda 41 sany saýlaw merkezi gurnaldy.

Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly Atadurdy Baýramow 15-nji fewralda Kazan Federal uniwersitetiniň Elabug institiutynyň başlygy, Türkmenistanly studentler we 25-nji fewralda Orenburg döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory hem ol ýerde okaýan Türkmenistanly studentler bilen duşuşyp, saýlawlar barada gürrüň berdi diýip Kazandaky konsulhananyň saýtynda habar berilýär.The post ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy türkmen deputatlaryna we emeldarlaryna saýlawyň nämedigini düşündirdi, DIM-de bolsa, GDA-niň synçylary bilen duşuşdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

“RŽD-Medisina” türkmenistanly kärdeşleri üçin lukmançylyk otlusyny taýýarlamaga taýýar
Türkmen Lideri BMG-niň Türkmenistandaky täze hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
Baýden Owganystandaky Harby Missiýalarynyň 31-nji Awgustda Gutarýandygyny Aýtdy
Germaniýa Owganystandaky soňky esgerlerini hem ýurtdan çykardy
ABŞ-nyň Goranmak Ministrliginiň Wekiliýeti Türkiýä Geler