ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi, ÝHHG-niň transmilli howplara garşy durmak baradaky departamentiniň hyzmatdaşlygynda, 3-4-nji aprelde “Terrorçylyga alyp gelýän zorlukly ekstremizm we radikalizm bilen göreş: köptaraply çemeleşiş” diýen temadan seminar geçirdi.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň maglumatyna görä, bu Türkmenistanda şu görünşde geçirilen ilkinji seminar bolup, ol Türkmenistanda terrorizme alyp gelýän ekstremizmiň we radikalizmiň ýüze çykmagynyň öňüni almak hem-de oňa garşy durmak baradaky strategiýany ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma boldy.
Bu çärä 40-dan gowrak adam döwlet edaralarynyň, bilim pudagynyň, raýat jemgyýetiniň, ombudsmeniň we halkara guramalaryny wekilleri gatnaşdylar. Aziýa, Ýewropa we demirgazyk Amerika ýurtlaryndan gelen on bir ekspert olaryň öňünde çykyş edip, öz tejribelerini paýlaşdy.
Şeýle-de, 5-6-njy aprelde interneti terrorçylyk maksatlary üçin ulanmagyň garşysyna durmak boýunça seminar geçirildi.
Ýatladýarys, çagyrylan tälim berijileriň birini Merkezi Aziýada parahatçylyk dörediji we media-tehnologiýa mekdebiniň programma direktory Inga Sikorskaýany hut şu seminara goýbermediler.