Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümlerini we adam hukuklarynyň basgylanmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin çarşenbe güni daşary işler ministrleri derejesinde nobatdan daşary ýagdaýda jemlenşer.
YHG-dan berlen ýazmaça beýannamada, gurama agza ýurtlaryň nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek maslahatda, Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegi we Eýranyň özygtyýarlygynyň basgylanmagy, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri ýaly meseleleriň ara alyp maslahatlaşyljakdygy nygtaldy.
Beýannamada, maslahatyň Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde YHG-nyň merkezi jaýynda daşary işler ministrleri derejesinde geçiriljekdigi bellenildi.
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 39 müň 623 palestinaly ýogaldy, 91 müň 469 adam hem ýaralandy.
Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde 7-nji oktýabrdan bäri ysraýylly esgerler bilen Palestinanyň topraklaryny basyp alan ysraýyllylaryň guran hüjümlerinde 604 palestinaly ýogaldy