YHG-niň Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirer

YHG-niň Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirer

Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry arkaly halkara multimodal geçelgäni döretmek baradaky teswirnama gol çekdi. Bu barada nCa internet portaly habar berdi.

Bu resminama 1 — 3-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäginde gol çekildi.

Gol çekilen teswirnamada Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramak; bäsdeşlik nyrhlarynyň ulanylmagy we Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Türkiýäniň demir ýollary arkaly haryt daşamak üçin amatly şertleri döretmek; ugur boýunça ýük daşamak guralanda hukuk we tehniki ülňüleri birleşdirmek boýunça çäreleri bilelikde işläp düzmek; şeýle hem bu ugra degişli ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýatlap geçsek, Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan geçelgesiniň ugrundaky demir ýol 2022-nji ýylyň dekabrynda Izmirden Daşkende 40 wagondan ybarat ilkinji ýük otlusynyň geçmegi bilen başlanypdy. Şonda 4500 kilometrden gowrak bu ýol bilen hojalyk enjamlary daşalypdy.

Ýene degişli makalalar

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Suwuklandyrlan Tebigi Gaz Gämisi Izmire Geler
Memorial hassahanalar zynjyry Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tiz kömek ulaglary Rehaf gümrük geçelgesine tarap ýola çykdylar
Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär