Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi

Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) goldaw bermeginde Ygtyýarly ykdysady operator (YYO) maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasynyň işi boýunça jogapkär işgärleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasyny Türkmenistanda ornaşdyrmakda ýardam bermek maksady bilen guralan bu okuw maslahaty Bütindünýä gümrük guramasynyň YYO boýunça tehniki maslahatçylary Italiýanyň gümrük we monopoliýalar boýunça agentliginiň işgäri Gaetano Sassone hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň işgäri Dongsuk Kim tarapyndan geçirildi.

Bäş günlik okuw çäresiniň dowamynda dürli mowzuklarda sessiýalar geçirildi, şol sanda Bütindünýä gümrük guramasynyň Çarçuwaly SAFE standartlary, Türkmenistanda YYO maksatnamasyny ornaşdyrmak, YYO-lary ykrar etmek boýunça gollanma, YYO-lary özara ykrar etmek barada Ylalaşyklar hem-de bu mowzuklar boýunça Gullugyň işgärleriniň bilimini ýokarlandyrmak we okuw çärelerini geçirmek ýaly meseleleriň üstünde jikme-jik durlup geçildi.

Netijeli ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça bilermenler Türkmenistanda YYO maksatnamasyny has-da ösdürmek üçin maslahatlaryny we tekliplerini taýýarladylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Orsýetdäki festiwalda baýrak alan türkmen atly ýigitlerini “Arkadaga şöhrat” diýen gykylyk bilen garşy aldylar
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
29.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jigitlerini sirk sungatynyň I halkara festiwalynda gazanan uly üstünligi bilen gutlady
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
03.06.2018 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa