“Ýewrowideniýe-2022” Turinde geçiriler

“Ýewrowideniýe-2022” Turinde geçiriler

2022-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi Italiýanyň Turin şäherinde geçiriler. Onuň finaly 2006-njy ýyldaky gyşky Olimpiadadan öň gurlan “Pala Olimpiko” meýdançasynda bolar. Ýarym finallar 10-njy we 12-nji maýa, jemleýji konsert 14-nji maýa meýilleşdirilýär. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Bäsleşigi gurnaýjylaryň maglumatlaryna görä, “Ýewrowideniýäni” geçirmäge Italiýanyň 16 şäheri dalaş etdi. Ýagny, bu çärä şol sanda Rimiň, Milanyň, San-Remonyň, Florensiýanyň, Rimininiň, Bolonýanyň we Weronanyň häkimiýetleri gyzyklanma bildirdi.

Bäsleşigi kabul etmäge dalaş edýän şäherler birnäçe talaplara laýyk gelmeli. Ýagny, bu ýerlerde Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine uçuşlary hödürleýän halkara howa menzili, ýeterlik derejede myhmanhanalar, 10 müňe golaý tomaşaçyny sygdyryp bilýän ýapyk meýdança we ş.m bolmaly. Aýdym-saz bäsleşiginiň ýerine ýetiriji gözegçisi Martin Osterdalyň belleýşi ýaly, Turin bu çäräni geçirmek üçin iň gowy ýer boldy.

Turin Italiýanyň Ýewrowideniýäni kabul etjek üçünji şäheri bolar. 1965-nji ýylda Jilýola Çinkwetti ýeňiji bolandan soň, bäsleşik Neapolda geçirildi. Şonda birinji orna Lýuksemburgyň wekili Frans Gall mynasyp boldy. 1990-njy ýylda Ýewrowideniýede Toto Kutunýo ýeňiji boldy. Bir ýyldan soň bäsleşigi Rim kabul etdi, onuň ýeňijisi aýdymçy Karola boldy.

2021-nji ýylda Ýewrowideniýe Rotterdamda geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijisi Italiýanyň Maneskin topary boldy. Olar jemi 524 bal gazandylar, bu hem Italiýa bäsleşigiň tutuş taryhynda üçünji ýeňşi getirdi.

Ýene degişli makalalar

5G ulgamly 3-nji Ýewropa ýurdy
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Ýuwentusyň täze baş tälimçisi Tiagu Motta boldy
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…