Şu ýyl Italiýanyň Turin şäherinde geçiriljek “Ýewrowideniýe” bäsleşigini alypbaryjylaryň atlary belli boldy. eurovision.tv saýtynyň habar bermegine görä, alypbaryjylar Laura Pauzini, Alessandro Kattelan we Mika bolar. Zehinli üçlük 10, 12 we 14-nji maýda geçiriljek “Ýewrowideniýe 2022-niň” ýarym finalyny we grand-finalyny alyp barar.
Häzirki wagtda Laura Pauzini Italiýanyň iň meşhur aýdymçylarynyň biridir.Ol “Gremmi” halkara bäsleşiginiň ençeme gezek ýeňijisi boldy.Onuň ýany bilen alypbaryjy güýmenje şüweleňlerini dörediji we alypbaryjy Alessandro Kattelan boldy.
Ol Total Request Live, Le Iene we The X Factor (Italiýa) ýaly programmalar bilen tanalýar.Alypbaryjylar düzümini asly Liwandan bolan britaniýaly sazanda Mika jemleýär. 2007-nji ýylda ol “Grace Kelly” aýdymynyň üsti bilen dünýäde esasy pop-sensasiýasyna öwrüldi.
Italiýa “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň eýýäm iki gezek eýesi boldy. 1965-nji ýylda bäsleşik Neapolda, 1991-nji ýylda Rimde geçirildi.