“Ýewrowideniýe 2022”: iň uly aýdym-saz şüweleňi

Şu gün agşam Italiýanyň Turin şäherinde Ýewrowideniýe bäsleşiginiň birinji tapgyry geçiriler. Mundan ozal bu halkara aýdym-saz bäsleşigi Italiýada 1965-nji ýylda Napolide hem-de 1991-nji ýylda Rimde geçirilipdi. Bäsleşigi italiýaly telealypbaryjy Alessandro Kattelan, aýdymçy Laura Pausini we liwan-iňlis aýdymçysy Mika alyp barar.

Şu gün bäsleşigiň birinji ýarym finaly, 12-nji maýda ikinji ýarym finaly, 14-nji maýda finaly geçiriler.

Ýaryşa 40 ýurduň wekili gatnaşýar. 17 ýurt birinji ýarym finalda, 18 ýurt ikinji ýarym finalda ýaryşar. “Uly bäşlik” diýlip atlandyrylýan Italiýa, Fransiýa, Germaniýa, Angliýa we Ispaniýa göni finala çykar.

Italýan guramaçylar bu ýylky ýaryşyň iň uly çykyşlaryň biri boljakdygyny belleýär. Birinji ýarym finalda 40-dan gowrak tansçy hyýaly hakykat tehnologiýasy bilen baýlaşdyrylan tansy ýerine ýetirerler.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy
Halkara guramasynyň täze başlygy