Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Günorta Amerikanyň we Ýewropanyň çempionlarynyň ýörite duşuşygynda Italiýadan üstün çykyp, täze baýragy — Finalissimo baýragyny eýelediler.
Londonda Uembli stadionynda geçirilen duşuşykda argentinalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.Gollary Lautaro Martines (28-nji minut), Anhel Di Mariýa (45+1) we Paulo Dibala (90+4) geçirdi.
Martines bilen Dibala netijeli ýardam pasyny Lionel Messi geçirdi.Bu duşuşyk Italiýanyň milli ýygyndysynyň 37 ýaşly goragçysy Jorjio Kiellini üçin soňky duşuşyk boldy.Finalissima ýaryş hökmünde 2021-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) bilen Futbolyň günortaamerika konfederasiýasynyň (KONMEBOL) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täzelenen Ähtnama gol çekmegi bilen döredildi. Ýewropanyň çempiony bilen Amerikanyň Kubogynyň ýeňijileriniň duşuşygyny, azyndan, 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çeli geçirmek meýilleşdirilýär.