Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Bassodan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Onda bankyň adyndan Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary we bu ugra ygrarlydygy üçin hoşallyk bildirilýär.
“Biz Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň Milli strategiýasyny hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyny kabul etmek arkaly milli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ýeten sepgidini goldaýarys.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň Derwezede ýanyp duran gaz krateriniň meselesine ünsi çekmek babatda ýakynda kabul eden çözgüdi bizde uly gyzyklanma döretdi.Size mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019 — 2024-nji ýyllar boýunça ýurt strategiýasynda suwuň, topragyň we howanyň hapalanmagynyň, serişdeleriň zaýalanmagynyň hem-de daşky gurşawa, adam saglygyna oňaýsyz täsir edýän zyýanly himiki maddalaryň peýdalanylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen maýa goýumlara ileri tutulýan artykmaçlyk berilýär” diýip, bankyň prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Ugurdaş gazyň ýakylyşyny azaltmak boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň (GGFR) ýörelgelerine laýyklykda, ýakylýan ugurdaş nebit gazynyň hem-de ýokary göterilýän zyňyndylaryň azaldylmagyna gönükdirilen seçip alma tertibindäki maýa goýumlary we maslahat hyzmatlaryny bermek üçin mümkinçilikleri gözlemegi dowam edýändigini habar berdi.
“Biz Türkmenistanyň Hökümetine Derweze kraterinden çykýan Co2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň ähli netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek maksady bilen, tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin hemaýat serişdelerini gönükdirmegiň mümkinçiliklerini öwreneris.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlykda degişli tehniki tabşyrygy taýýarlap, öwrenmek üçin maddany seçip alyp hem-de ýokary derejeli geňeşçiler bilen şertnama baglaşyp, barlaglary geçirmekde ähli bar bolan bilimleriň we tejribäniň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde iş toparyny döredip bilerdi” diýip, hatda bellenilýär.