Ýewropa materiginde ýerleşýäň ýurtlaryň liderleri Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň Çekiýanyň paýtagty Pragada geçiriljek ilkinji maslahatyna gatnaşarlar.
ÝB-ne agza 27 ýurduň ýany bilen ÝB-ne agza däl 17 Ýewropa ýurdunyň çagyrylan maslahatyna Prezident R.T.Erdoganyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahata çagyrylan Türkiýeden daşgary ÝB-ne agza däl ýurtlar; Britaniýa, Norwegiýa, Ukraina, Albaniýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Bosniýa-Gersegowina, Gruziýa, Izlandiýa, Kosowa, Lihtenştaýn, Moldywa, Garadag, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa we Şweýsariýa.
Ýewropanyň Syýasy Bileleşigi pikirini Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron maý aýynda öňe sürüpdi. Makronyň teklibi Ýewropada ÝB-den has giň syýasy bileleşigiň iş ýüzüne geçirilmegini öz içine alýar.
Täze bir halkara gurama däl, esasan “syýasy geňeşme platformasy” hökmünde meýilleşdirilýän bileleşikde Russiýanyň 24-nji fewralda başladan hüjüminden soň Ukrainada söweşiň täsirleri, Ýewropa materiginde howpsuzlyk we durnuklylyk, energetika, ykdysadyýet, söwda, ulaglar, sanksiýalar, infrastruktura ýaly birnäçe ugurda pikir alyşmak maksat edinilýär.
Bileleşigiň 6 aýda bir gezek liderleriň derejesinde duşuşmagy meýilleşdirilýär.
Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň Pragadaky ilkinji maslahatyna Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmagyna garaşylýar.