Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň finalynda Olimpiakos bilan Fiorentina duşuşar

Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň finalynda Olimpiakos bilan Fiorentina duşuşar

Gresiýanyň Olimpiakos kluby Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda Angliýanyň Aston Willasyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi hem-de ýaryşyň finalyna ýollanma aldy. Oýun Pireý şäherinde geçirildi.

Duşuşykdaky gollaryň ikisi hem Aýub El-Kaabi (10, 79) tarapyndan derwezä gönükdirildi. Toparlaryň arasyndaky Birmingemde geçirilen deslapky oýun hem 2:4 hasabynda Olimpiakosyň peýdasyna tamamlanypdy.

Olimpiakos finalda Italiýanyň Fiorentina topary bilen güýç synanyşar. Fiorentina ýarym finalda Belgiýanyň Brýugge toparyny iki oýnuň jemine görä (3:2, 1:1) ýaryşdan çykardy.

Ýaryşyň şu ýylky finaly 29-njy maýda Afina şäherinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Olimpiakos UEFA tarapyndan geçirilýän Ýewropanyň klublarynyň arasyndaky ýaryşlarda finala çykan ikinji grek klubudyr. Mundan ozal Panatinaikos 1971-nji ýylda Ýewropanyň çempionlarynyň kubogynyň (häzirki ÝÇL) finalynda Niderlandlaryň Aýaksy bilen duşuşyp, 2:0 hasabynda asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň finalynda Olimpiakos bilen Fiorentina duşuşar
Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
“Aston Willa” belgiýaly ýaş oýunçy üçin 50 million funt sterling tölär
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan awiakompaniýasy ýolagçylary ýükleri babatda wagtlaýyn bölekleýin konsepsiýa geçdi