Ýewropanyň iň uly muzeýi

11-nji iýunda Norwegiýanyň paýtagty Oslada täze Milli muzeý açyldy. Muzeýiň açylyş dabarasyna patyşa maşgalasynyň agzalary, şol sanda Şa zenany Sonýa, mirasdüşer şazada Hakon, şeýle hem Daniýanyň şazadasy Mariýa we Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gar Stýore we beýlekiler gatnaşdylar.

Täze Milli muzeý Demirgazyk Ýewropadaky iň uly muzeýdir.Bu muzeý gadymy döwürlerden häzire çenli saklanyp galan ajaýyp şekillendiriş sungatymyza, senetçilige we binagärlige degişli ýygyndylary gorap saklamak we görkezmek maksady bilen bina edildi.

Aslynda bu muzeý bir üçegiň astyndaky üç mirashana bolup, olar Norwegiýanyň Milli galereýasyndan, Häzirki zaman sungat muzeýinden we Dizaýn sungaty muzeýinden ybaratdyr. Şol sebäpli bu muzeý Demirgazyk Ýewropanyň iň uly medeni merkezine öwrüljekdigine şübhe bolup bilmez diýip, muzeýiň direktory Karin Hindsbo belledi.

Meýdany 13 müň inedördül metr bolan bu muzeýiň gurluşygy 8 ýyllap dowam etdi hem-de Norwegiýanyň gaznasyndan 600 million ýewro sarp edildi. Bu ýerde 6 müňden gowrak çeper eser saklanyp, olaryň iň meşhury Edward Munkuň Pygan atly eseridir. Norwegiýanyň Milli muzeýi Oslonyň merkezindäki, Nobeliň Parahatçylyk baýragynyň edarasynyň golaýynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Norwegiýada suratkeş Munkyň täze muzeýi açyldy
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Bütindünýä gümrük guramasyna täze baş sekretar saýlandy
Karl III doglan gününi belledi
“Premier Liganyň” 51-nji kluby
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy