Ýewropa şäherleri ulagyň howa taşlaýan kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň möçberlerini azaltmalydyr we 2030-njy ýyla çenli ulaglarda hereket etmegiň ekologiýa taýdan arassa ulgamyna geçmelidir. Bu barada CleanCities kompaniýasynyň seljermesinde aýdylýar diýip, MIR 24 saýty ýazýar.
Barlaglarda Ýewropanyň seljerme berlen 36 şäheriniň ulag ulgamynda uglerod bitaraplygyny gazanmakdan juda uzakdadygy bellenýär. Kompaniýa şäherleriň reýtingini düzende, pyýadalar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy, howanyň hili we ekologiýa taýdan arassa ulaga elýeterlilik ýaly ýagdaýlary hem göz öňünde tutupdyr.
Netijede, Neapol we Krakow şäherleriniň Ýewropanyň ulaglaryň howa taşlaýan gazlary babatda iň hapa şäherleridigi anyklandy.
Bu ugurda iň arassa şäherler hökmünde Oslo, Amsterdam we Helsinki görkezildi. Pariž we London degişlilikde 5 we 12-nji ýerleri eýeledi.