Ýewropanyň haýsy ýurtlarynda ýaşlar ene-atalary bilen has uzak ýaşaýarlar?

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) we “Eurostat”-yň maglumatlaryna görä, Günorta we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýaşlar ene-atalary bilen has uzak ýaşamaga ýykgyn edýärler.Maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşiginiň ýaşlary, ortaça, 26 ýaşynda ene-atalarynyň öýünden göçýärler. Şeýle-de bolsa, ýurtlara görä, bu ýagdaý düýpli tapawutlanýar.

Finlýandiýada, Şwesiýada we Daniýada, adatça, 21 ýaşyndan başlap ene-atasyndan özbaşdak ýaşaýarlar.Horwatiýada, Slowakiýada, Gresiýada, Ispaniýada, Bolgariýada we Italiýada 30 ýaşyna çenli ene-atalary bilen bile ýaşaýarlar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlaryna görä, Günorta Ýewropada henizem ene-atalary bilen ýaşaýan ýaşlaryň sany has ýokary. Italiýada bu ýagdaý iň ýokary derejede 20 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky italýanlaryň 80 göterimi ene-atalarynyň öýünde bolýarlar. Bu ýagdaý Gresiýada 78 göterime, Ispaniýada 77 göterime we Portugaliýada 76 göterime deň.

Skandinawiýa ýurtlarynda Norwegiýada, Finlýandiýada, Şwesiýada we Daniýada bu görkezijiler has pes bolup, 20 göterimden hem azdyr. Deňeşdirmek üçin Beýik Britaniýa 43 göterime, ABŞ 39 göterime deň. “Eurostat” -yň maglumatlaryna görä, Italiýada “Ni-ni nesil” (NEETS) diýlip atlandyrylýan iň ýokary görkezijileriň biri, ýagny, 15 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky işlemeýän ýa-da okamaýan ýaşlar bar.

Ýene degişli makalalar

Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?
Iň bagtyýar Ýaşlar Skandinaw Ýurtlarynda…
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Alymlar ýowuz eýýamyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar
Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly