Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň täze başlygy

Fransuz zenany Odil Reno-Basso Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň dört ýyllyk prezidenti boldy. Şeýle karar bankyň dolandyryjylar geňeşiniň Londondaky baş edarasynda geçiren maslahatynyň barşynda kabul edildi.

Bu barada Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň beýanatynda mälim edilýär. 55 ýaşly Odil Reno-Basso bu wezipä 2012-nji ýyldan bäri yzly-yzyna iki gezek guramanyň prezidenti bolup işläp gelýän britaniýaly Suma Çakrabartiniň ornuna geldi.

Soňky ýyllarda Odil Reno-Basso Fransiýanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň gazna müdirliginiň baş dolandyryjysy, şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň Maliýe we ykdysady komitetiniň başlygynyň orunbasary ýaly wezipelerde işledi.

Ýene degişli makalalar

3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sport täzelikleri
Şöhleden goraýan aýna
120 ýaşady
Massanyň ýerine Sirotkin
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri: