
Ýewropa parlamentiniň 300-den gowrak deputaty “türkmenleriň we uýgurlaryň gulçulygynda öndürilen harytlaryň” Ýewropa bileleşiginiň çägine getirilmegini talap edýärler. Bu barada Ýewropa toparynyň başlygy Ursuly fon der Lýaýene iberilen hatda aýdylýar.
Hatyň awtorlarynyň ýatlatmagyna görä, 2021-nji ýylyň sentiýabrynda Ursuly fon der Lýaýen Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda mejbury zähmet bilen öndürilen harytlaryň bileleşiginiň çägine getirilmegini gadagan etmegi eýýäm, söz beripdi. Deputatlaryň pikiriçe,indi şol wadany ýerine ýetirmegiň wagty ýetdi.
“Gul edilen uýgurlaryň, türkmenleriň ýa-da başga ýurtlaryň işçileriniň mejbury zähmeti bilen öndürilen köýnekler, köwüşler ýa-da awtoulaglar mundan beýläk biziň dükanlarymyzda satylmaly däldir” diýip deputatlar ýazýarlar.
“Muny Birleşen Ştatlaryň eýýäm,eden bolmagy ähtimal we ony Ýewropa bileleşigi hem etmeli. Bize zerur ähli zat Ýewropa toparynyň syýasy erki. Bu babatda karary gaýra süýşürmek ýa-da ýumşatmak kabul ederliksizdir ” diýip Ýewropa parlamentiniň 300-den gowrak deputaty bu talaby berjaý etmegiň hakykatyny nygtaýarlar.
“Bu örän wagtynda kabul edilen karar. Türkmenistanda ykdysady krizis barha çuňlaşýar.Şol sanda, pagta ýygymyna sürülýän çagalaryň hem sany ýene-de artýar” diýip “Türkmen.news” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew belleýär.
“Türkmen häkimiýetleri ahyrky netijede pagta öndürmäge öz çemeleşmesini üýtgedip, oba hojalygynda bazar gatnaşyklaryna geçer we ilata şol sanda, çagalara mahsus bolmadyk mejbury zähmet ulanylýan dolandyryşyň buýruk beriji adminstratiw tilsimlerinden olaryň el çekjekdigine umyt edýärin” diýip “adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň” başlygy Farid Tuhbatullin wakalary kommentirlýär.
Ýewropa parlamentiniň deputatlarynyň beýannamasynyň iňlisçe teksti we oňa gol goýan deputatlaryň sanawy bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.
The post Ýewropaly deputatlar gulçulykda öndürilen türkmen harytlarynyň getirilmeginiň gadagançylygyny talap edýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.