Türkmenistanda
1. Ortaýer deňzi we gündogarşynaslyk halkara birleşigi (ISMEO) Türkmenistandaky Togolok-1 arheologik taslamasynyň işine gaýtadan girişerler. Ýewropaly arheologlar dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri bolan gadymy Marguşyň çäginde iş alyp bararlar.
2. Türkmenistanyň paýtagtynda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Çäre Ýyldyz myhmanhanasynda geçirildi, oňa Türkmenistanyň Hökümetiniň, syýasy we işewür toparlarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri, Özbek jemgyýetiniň agzalary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň Özbegistanyň milli amaly-haşam sungatynyň we ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň sergisi guraldy.
3. Aşgabatda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde Gülnäz Rozykulowanyň 60 ýaş ýubileýi mynasybetli onuň şahsy sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Sergide 100-den gowrak eser ýerleşdirildi. Suratlaryň agramly bölegi peýzaž eserlerine bagyşlanýar. Serginiň žanr bölümleriniň biri hem natýurmortlardyr. Orta asyrlaryň binagärlik we taryhy ýadygärliklerine guralan gezelençleriň galdyran täsirleri hem suratkeşiň döredijiliginde aýratyn orun alandyr.
4. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Almaty şäherindäki Türkmen jemgyýetçilik we medeni merkezi etniki medeni birleşiginde Gazagystan Respublikasynyň Ahal-Teke ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Ýakow Ýakowlewiç Dige Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly adyň nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu ýokary sylag gazagystanly atşynasa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýörite Permany esasynda gowşuryldy.
5. 17 20-nji sentýabr aralygynda Er-Riýadda geçiriljek “Foodex Saudi” sergisiniň çäklerinde Türkmenistan azyk, oba hojalyk we dokma önümlerini öz içine alýan harytlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrar. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi bilen Er-Riýadyň Sergiler merkeziniň başlygynyň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri esasynda habar berildi.
6. BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň myhmany boldy. Hormatly myhmanlar üçin institutyň içine gezelenç guraldy, gezelenjiň dowamynda olar okuw studiýasy, metbugat otagy we ylmy-usulyýet merkezi bilen tanyşdylar. Soňra institutyň uly mejlisler zalynda talyplar bilen duşuşyk geçirildi.
Dünýäde
7. Air Astana awiakompaniýasy Almatydan Tel-Awiw şäherine dowamly gatnawlary amala aşyryp başlady. Uçuşlar hepdede iki gezek, penşenbe we ýekşenbe günleri Airbus A321 uçarynda amala aşyrylar. Gazagystan bilen Ysraýylyň arasynda göni uçuşlaryň açylmagy iki ýurt üçin möhüm wakadyr. Ol söwda-ykdysady, maýa goýum, syýahatçylyk we medeni hyzmatdaşlygyň ösüşini çaltlandyrar.
8.Hytaýyň ýaşaýjysy birbada 16 kompaniýada işe ýerleşmegi başardy we hiç zat etmän, olaryň her birinden üç ýylyň dowamynda aýlyk aldy.Ol özüniň işlän döwründe, takmynan. 50 million ýuan aldy.
Hytaýly zenan özüniň ähli işleriniň arasynda bulaşmazlyk üçin ýörite gündelik ýöredip, onda her wezipesi barada maglumat ýazýardy.Bu shema onuň hasaba alnan kompaniýalaryň birinde köpçülikleýin işden çykarmak amala aşyrylandan soň ýüze çykyp başlady.
Bu kompaniýanyň ýolbaşçysy, kimdir birini kezzaplykda güman edip, işgärleriň hersiniň resminamalaryny barlamak kararyna geldi.Içerki derňew wagtynda alnan netijeler bilen hukuk goraýjy edaralara ýüz tutdy.
Sport habarlary
9.Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna saýlama ýaryşa gatnaşmaga taýýarlygyň çäklerinde Indoneziýanyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.Oýun şu gün Surabaýa şäherinde geçiriler.
Duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda toparyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Indoneziýanyň güýçli garşydaşdygyny we olar bilen boljak oýnuň türkmen futbolçylary üçin gowy synag boljakdygyny aýtdy.Kämilleşmek biziň üçin örän möhüm, Indoneziýa bilen boljak oýun bu meselede bize kömek eder diýip umyt edýärin diýip, Ruslan belledi.
Golaýda Mingazow klub derejesindäki daşary ýurt karýerasynda 100-nji goluna adyny ýazdyrdy.Mingazow ýubileý goluny Gonkongyň Premýer-ligasynyň 2-nji tapgyrynda Gonkong FK-nyň derwezesine girizdi.
10.Ahal futbol kluby AFK Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji möwsümindäki öz meýdançasynda geçiriljek duşuşyklar üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň akkreditasiýasynyň başlanandygyny mälim etdi.Akkreditasiýa işlerini amala aşyrmak 15-nji sentýabra çenli dowam eder.
Akkreditasiýa üçin ýüz tutýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri habar beriş serişdesiniň ady, žurnalistiň ady, familiýasy we atasynyň ady görkezilen haty toparyň metbugat gullugyna (official@ahal-fc.com) ibermelidir. Şeýle-de hatyň ýany bilen 3×4 surat hem goşulmaly.
Görkezilen seneden giç ugradylan ýüztutmalar hasaba alynmaz. Ýeri gelende bellesek, Ahal AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistana wekilçilik eder.Serdar Geldiýewiň tälim berýän topary Özbegistanyň Pahtakor, Saud Arabystanynyň Al-Feýha hem-de BAE-niň Al-Aýn toparlary bilen birlikde A toparçada çykyş eder.
Ahal öz meýdançasyndaky ilkinji oýnuny 19-njy sentýabrda Al-Feýha bilen geçirer.