Ýewropaly arheologlar gadymy Marguşyň çäginde gazuw-agtaryş işlerine başladylar

Ýewropaly arheologlar gadymy Marguşyň çäginde gazuw-agtaryş işlerine başladylar

Gadymy Marguşyň çäginde ýerleşýän Togolok-1 ýadygärlikler toplumynda Ortaýer deňzi we gündogarşynaslyk halkara birleşiginiň, Berliniň Erkin Uniwersitetiniň we Bolonýa uniwersitetiniň arheologlar topary güýzki gazuw-agtaryş işlerine başladylar. Bu barada Bigasia ýazýar.

Togolok-1 ýadygärlikler toplumy 30-dan gowrak ýadygärlikden ýa-da şäherçelerden ybarat. Öňki gözlegler daýhanlar bilen çarwalaryň arasyndaky integrasiýanyň intensiwligini we degişli prosesiň ýerli ykdysadyýetiň üýtgemegine edýän täsirini aýdyňlaşdyrmaga kömek etdi.

Taslama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki halkara uniwersitetleriň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýär.

Gadymy Marguş (Margianna) döwleti b.e.öň 5 — 3-nji asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşipdir. Bu barada ilkinji ýazmaça ýatlama Awesta kitabynda duş gelýär.

Ýene degişli makalalar

Kumyk Türkçesi
Rowachlan Galkynysh Rowachpack haryt nyşanly big-beg gaplaryny öndürýär
Daşary Işler Ministri Fidan, Gurhanyň Ýakylmagyny Ýazgardy
ПЕРЕДОВЫЕ РЕШЕНИЯ В УПРАВЛЕНИИ ГОРОДОМ АРКАДАГ
Eýranyň, Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy 7 Ýyl Soň Açyldy
Iş Nokady Beýik Britaniýada tomusky okuw dynç alyş merkezine gatnaşmaga çagyrýar