Ýewropadan soň, Ispaniýanyň-da Superi “Real Madrid”

Ispaniýanyň Super kubogyny 2 oýnuň netijesinde “La Liganyň” çempiony “Real Madrid” eýeledi.Olar “Kamp Nouda” oýnalan 1-nji duşuşykda ezeli bäsdeşi “Barselonany” 31 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 50-nji minutda Pike öz derwezesinden gol geçirip, hasaby açdy. 77-nji minutda Messi penaltini dürs urup hasaby deňledi. 80-nji minutda oýna soňdan goşulan Ronaldo owadan urgy bilen toparyny öňe saýlady. Ýöne 2 minutdan soň, 2-nji gyzyl petegini alan Ronaldo oýundan çykaryldy.

Oňa eden etmişi üçin 5 oýunlyk jerime berildi. 90-njy minutda-da Asensio oýna soňky nokady goýdy (13).3 gün soň oýnalan jogap duşuşygynda-da 20 hasabynda üstün çykan madridliler 10-njy gezek Ispaniýanyň Super kubogyny gazandy (198889909397, 200103081217). “Santiago Bernabeudaky” duşuşygyň gollaryny 4-nji minutda Asensio, 39-njy minutda-da Benzema derwezä girizdi.

Bu duşuşykda “Real Madridiň” tälimçisi Zinedin Zidan toparyň esasy ýyldyzlaryndan Isko, Kasemiro, Beýl dagyny ätiýaçda oturtdy. Şeýlelikde, fransiýaly tälimçi Zidan “Realdaky” 7-nji kubogyny gazandy. 12 sapar Super kubogy eýelän “Barselona” 10-njy ýola finalda utuldy.

Ýene degişli makalalar

Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
UEFA ýylyň topary
“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Realyň” 150-nji, Ronaldonyň 96-njy ýeňşi