Ýewropadaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Ýewropadaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Rumyniýada sil apatynda ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi. Polşada sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 5 adama ýetendigi aýan edildi.

Awstriýada sil apatlarynda 3 adam ýogalan bolsa, Çehiýada sil sebäpli 1 adam ýogaldy.

Germaniýa, Wengriýa we Slowakiýa bilen birlikde sebitiň ýurtlary sil apatlaryna garşy çäre görmäge dowam edýär.

Ýagyşlaryň ýagmagynyň we suwuň derejesiniň ýokarlamagynyň şu hepdäniň ahyryna çenli dowam etmegine garaşylýar.

Ýewropa dünýäniň beýleki sebitlerine garanyňda has çalt gyzýar.

Materikde bular ýaly görnüşli sil apatlarynyň ýygylgynyň artjakdygy aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada habar berildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kanun kabul edildi