Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar

Birnäçe brendi özünde jemleýän “Stellantis” toparynyň Ýewropadaky elektroulag satuwynyň artandygy mälim edildi.Bu barada ýaýradylan maglumatda şu ýyly üçünji çärýeginde toparyň Ýewropadaky elektroulag satuwynyň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 41 göterim ýokary bolandygy mälim edildi.

Degişli döwürde sebitde satylan elektroulaglaryň 15,3 göterimi bu toparyň paýyna düşüpdir. Ýylyň başyndan bäri geçen 10 aýyň dowamynda bolsa, umumy awtoulag satuwynda bazaryň 18,3 göterimini eýeläp, bu ugurda ikinji bolupdyr.

Kompaniýa ýeňil elektroulag bazarynda bolsa, 30 göterimlik paý bilen birinjiligi eýeleýär. Üçünji çärýekde “Stellantis” jemi 87 müň batareýaly elektroulag satypdyr.

“Fiat 500e”, “Opel/Vauxhall Corsa”, “Peugeot E-208”, “Jeep Avenger” ýaly modeller has köp satylypdyr. Şeýle hem sebitiň ykdysady taýdan iň ösen ýurdy bolan Germaniýada elektroulag bazarynyň 23 göterimini eýeläp, bu ugurda bäsdeşlerinden ozupdyr.

Kompaniýa geljek ýyl elektroulag modelleriniň sanyny iki esse artdyrmagy maksat edinýär.

Serdar Orazberiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji zawodyny gurar
Ferrari Stellantis-den ozdy
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär