Häzirki wagtda Ýewropada satylýan elektroulaglaryň köpüsi Hytaýda import edilýär. Hytaýyň elektroulag önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýasy BYD Ýewropada zawod gurmagy meýilleşdirýär. kompaniýanyň ýokary derejeli wekili Li Ke Ýewropada ilkinji awtoulag zawodyny gurmaga taýýarlyk görýändiklerini, sebitde iki sany önümçilik desgasynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
BYD Ýewropanyň köp ýurdunda “Atto 3” we “Tang” atly SUV ulaglaryny hem-de “Han” atly sport ulagyny satuwa çykarmagy hem göz öňünde tutulýar.
Hytaýly önüm öndürijiler Ýewropada zawod gurmagyň ulaglary daşamak üçin sarp edilýän çykdajylary azaltmaga ýardam etjekdigini belleýär.
Göwher Gylyçmyradowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.