Ýewropada ýylyň awtoulagy baýragyna “Jeep Avenger” elektroulagy mynasyp görüldi. Awtoulag senagatynyň abraýly baýragynda “Volkswagen ID.Buzz” hem-de “Nissan Ariya” degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeledi.
Baýrak her ýylda geçirilýän Brýussel awtoulag sergisiniň çäklerinde gowşurylýar. Emin agzalary 23 Ýewropa ýurdundan 59 žurnalistden ybarat. Her bir emin agzasynyň jemi 25 bal bermäge hukugy bolup, bir ulaga iň köp 10 bal berip bilýär. Emin agzasy bahalandyrmasyna esas bolýan sebäbi hem mälim etmeli.
Volkswagen ID.Buzz
Birinji bolan “Jeep Avenger” jemi 328 bal aldy. “ID.Buzz” 241, “Nissan Ariya” 211 bal aldy. Beýleki dalaşgärler “Kia Niro” 200, “Renault Austral” 162, “Peugeot 408” 149 we “Subaru Solterra” 133 bala eýe boldy.
Bu ýedi dalaşgär mundan ozal Daniýada geçirilen bir hepdelik testiň we deslapky ses berlişigiň netijesinde saýlandy. Finala çykan ulaglar bolsa, emin agzalary tarapyndan Brýusseliň golaýyndaky “Jules Tacheny” trassada we adaty ýol hereketinde synagdan geçirildi. “Peugeot 408” we “Renault Astral” finala çykan gibrid ulaglar bolan bolsa, beýleki ulaglaryň ählisi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär.
Nissan Ariya
PSA toparynyň hem-de “Fiat Chrysler” toparynyň birleşmegi netijesinde emele gelen “Stellantis” konglomeraty tarapyndan öndürilýän “Jeep Avenger” kiçi görnüşli “Peugeot 208” platformasynda öndürilýär. “Jeep” maşgalasynyň iň kiçi SUV ulagydyr. Geçen ýylyň sentýabrynda satuwa çykarylan “Avenger” Polşada öndürilýär. Ulag Ýewropada 40 müň ýewrodan satylýar.