Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy

Her ýyl mart aýynyň başynda gowşurylýan “Ýewropada ýylyň awtoulagy” baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. Ýapon brendi “Toyota”-nyň “Yaris” modeli 2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy.Her ýyl gowşurylýan baýraga ilkibaşda 29 ulag goşulýar.

Soňra olardan 7 sanysy finala galýar. “Toyota Yaris” geçen ýyl hem bu baýraga mynasyp bolupdy. Şeýlelikde ýapon brendi “Volkswagen Golf” we “Renault Clio” ýaly bu baýraga birden köp gezek mynasyp bolan ulaglaryň hataryna goşuldy.

Emin agzalary bu ulaga 266 bal berdiler.Ikinji bolan “Fiat 500 Electric” 240, üçünji ýeri eýelän “Cupra Formentor” 239 bal aldy. “Volkswagen”-iň elektrokary “ID.3” 224 bal aldy.

Finala “Skoda Octavia” (199 bal), “Land Rover Defender” (164 bal) we “Citroen C4” (143 bal) ýaly ulaglar hem galdy.

The post Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Toyota Yaris 2021-nji ýylyň awtoulagy boldy
80 göterimi elektroulag
“Car of the Year-2022” bäsleşiginiň finalçylary kesgitlendi
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi