“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi

“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi

“European Car of the Year” bäsleşiginiň eminleri Ýewropanyň esasy awtomobil baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawyny neşir etdiler. Häzir sanawda 29 model bar, ýöne 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda olaryň sany ýedi awtomobile çenli azalar. Ýeňiji 1-nji martda yglan ediler. Bu barada motor.ru habar berýär.

Sanawa girmek üçin awtomobil täze ýa-da eýýäm satylyp başlanan bolmaly, ýa-da ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň azyndan bäş ýurdunda satuwa çykarylmaly.Uzyn sanawa Hyundai-Kia bileleşiginiň birbada dört modeli girdi: Hyundai i10, i20 we Tucson, Kia Sorento.

Mercedes-Benz hem dört awtomobil bilen hödürlenilýär GLA, GLB, GLS we S-Class.Sanawa iki modelden BMW (4-Series we 2-Series Gran Coupe), Ford (Kuga we Explorer), Toyota (Yaris we Mirai), Seat (Cupra Formentor we Leon) we PSA bileleşigi (Peugeot 2008 we Citroen C4) girdi.

Bulardan başga-da, dalaşgärleriň hatarynda Dacia Sandero, Audi A3, Fiat 500, Honda Jazz, Skoda Octavia, Land Rover Defender we VW Golf bar.Sanawda elektrokarlar hem bar Volkswagen ID.3, Polestar 2, Mazda MX-30 we Honda e. Şu ýylyň mart aýynda Ýewropanyň iň gowy awtomobili Peugeot 208 boldy, ondan öňki ýyl Jaguar I-Pace.

Ýene degişli makalalar

Pariž awtoulag sergisi elektroulaglar köpelýär
“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Halkara awtoulag sergisi
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi