Günlük Kowid-19 keseline ýoluklaryň sany 20 müňlerde bolan Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 28-nji martdan başlap Kowid-19-a gripp ýaly çemeleşmek hakynda karar kabul edip, başlangyç çäreleri bes etdi.
Kowid-19-a garşy döwlet jogapkärçiliginden şahsy jogapkärçilik tapgyryna geçilen bolsa, karantin we sosial aralyk ýaly ähli çäreleri bes eden Britaniýada soňky 3 hepdede Kowid-19-a ýolukýanlaryň sany artdy. Milli Hasabat Ofisi ýurtda kesele ýolukýanlaryň sanynydaky aşa ýokarlamanyň “Omikron” wariantyndan hem ýokonaç bolan “BA.2” warianty sebäplidigini habar berdi.
Italiýada Kowid-19 pandemiýasy sebäpli ilkinji gezek 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda girizilen we ozalam 7 gezek uzaldylan adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgüni ýurtda Kowid-19 sanjymlama tapgyryny tamamlanlaryň sanynyň 90 göterime ýetmegi netijesinde 1-nji apdelden bes ediler.
Bir günde 200 müňe barabar raýaty Kowid-19-a ýolukýan Germaniýada hökümetiň kabul eden kararyna görä giň gerimli çäklendirmeler 2-nji aprelde bes ediler. Şol çäkde hassahanalar we garrylar öýi ýaly desgalar bilen jemgyýetçilik ulaglaryndan başga ýerlerde agyz-burun örtügini geýmek mejburlygy bes ediler. Testler hem çäkli mukdarda ediler.
Günlük wirusa ýolukýan raýatlarynyň sany 10 müňe barabar bolan Gresiýa hem Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde girizilen düzgünleri gowşatmak hakynda karar kabul edip, agyz-burun örtügini geýinme şertini bes etdi.
Şwesiýada 17-nji fewralda kabul edilen ýeňilleşdirme kararyna laýyklykda restoranlarda, kafelerde, medeni çäreleriň geçirilýän ýerlerinde Kowid-19 şahadatnamasyny görkezme düzgüni bes edildi.
Belgiýanyň hökümetiniň Geňeş topary 11-nji fewraldaky maslahatynda çäreler üçin döredilen we “barometr” atlandyrylýan mehanizmde orta basgançak bolan “mämişi kod” düzgünine geçmek hakynda karara geldi.
Sloweniýada, Bosniýa-Gersegowinada, Horwatiýada we Polşada hem Kowid-19 sebäpli girizilen düzgünler bes edilýär.