Ýewropada gazyň müň kub metriniň bahasy 2200 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň müň kub metriniň bahasy 2200 dollardan geçdi

Demirgazyk akymynda gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi.

ICE Futures biržasynda TTF-niň iň golaý fýuçersiniň (awgust) bahasy sişenbe güni agşam 2244 dollara çenli göterildi.Bir gün öň söwdalaşyklar 1852 dollar derejede ýapyldy, aýyň başyndan bäri bolsa kotirowkalar ortaça 1720 dolar bolupdy.

Işläp taýýarlamalaryň aralyk abatlaýyş möhleti tamamlanandan tä düýpli abatlaýşa çenli konsern "Portowaýa" gaz gysyjy bekedinde ýene bir Siemens gaz turbina hereketlendirijisiniň işini togtadar diýip, 25-nji iýulda "Gazprom" habar berdi.

Netijede "Portowaýa" gaz gysyjy bekediniň gije-gündizdäki öndürijiligi 27-nji iýulda aşgabat wagty bilen 09:00-da, häzir gije-gündiziň dowamyndaky 67 mln kub.metr bilen deňeşdirilende, gije-gündiziň dowamynda 33 mln kub metre (önümçiligiň 40%-i) çenli azalar.

Rystad Energy barlag kompaniýasynyň seljerijileriniň bellemegine görä, "Demirgazyk akymy" boýunça gaz şu derejede goýberilse, Ýewropa bileleşigine 1-nji noýabra çenli gazyň ýerasty saklanýan ýerinde gazyň 80% maksatly ätiýaçlyk derejesini gazanmak başartmaz.

Mundan hem başga, golaýlap gelýän tupanlar möwsümi ABŞ-dan Ýewropa suwuklandyrylan gazy eltmegi kynlaşdyrar.

Ýene degişli makalalar

FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi
“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady