Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli saglyk işgäri Ýewropa ýurtlaryna korona wirusynyň täze tolkuny bilen ýüzbe-ýüz bolmak barada duýduryş berdi.
IRNA-nyň ýekşenbe güni beren hasabatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň Saglyk we azyk howpsuzlygy boýunça komissary Stella Kyriakides korona wirusynyň ýaýramagynyň aladaly ýokarlanmagy barada duýduryş berip bu bileleşigiň agza ýurtlary 2022-nji ýylyň güýzünde we gyşynda kovid-19 epidemiýasynyň täze tolkuny bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.
Ýewropa ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly bu kesel hasaba alnanlaryň sany köpelýär we Portugaliýa, Lýuksemburg, Fransiýa, Gresiýa, Kipr, Germaniýa we Awstriýa ýokaşma derejesi boýunça öňdeligi eýeleýär.
Soňky birnäçe günüň dowamynda Ýewropada 2,5 milliondan gowrak korona keseli hasaba alyndy.