16-njy dekabrda Türkmenistanyň çäginden geçip, Merkezi ulag geçelgesi boýunça Ýewropa ýük daşaýan otly gatnawynyň ilkinji konteýner otlusy Özbegistandan ugrady. Bu barada Uztemirýolkonteýner habar berdi.
Özbegistanyň Almalyk Dag Metallurgiýa Kombinatynda öndürilen önümler ýüklenen bu konteýner otlusy 46 wagondan we 91 konteýnerden ybaratdyr. Ol umumylykda 4000 kilometr ýoly geçip, Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Bolgariýa/Ýewropa ugry boýunça hereket eder.
Degişli ugurda gatnawyň ýola goýulmagynda özbek tarapy Türkmenistandan Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Azerbaýjandan ADY Container LLC hem-de Gruziýadan GR Logistics and Terminals kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.