Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň reaksiýasy

Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň reaksiýasy

Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň konstruktiw däl beýanyna jogap edip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu ýurtlara diplomatik prosesi ýok etmek tapgyryna girmegiň ýerine ýadro gepleşiklerinde çözülmän galan birnäçe meseläniň çözülmegi üçin olara çözgüt bermekde has işjeň rol oýnamaklygy maslahat berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Naser Kanani şenbe güni agşam eden çykyşynda sanksiýalary ýatyrmak gepleşikleri barada üç Ýewropa ýurdunyň konstruktiw däl we hoşniýetli bolmadyk beýannamasyna reaksiýasy görkezip, ýadro gepleşiklerdäki taraplaryň we utgaşdyryjysynyň arasyndaky diplomatik işleriň dowam etdirilip duran ýagdaýynda Ýewropa Troikasynyň tarapyndan ýalňyş we zyýan ýetiriji hereketiň ýüze çykmagyny geň galdyryjy we gynandyryjy atlandyrdy.

Kanani, Eýran Yslam Respublikasynyň sanksiýalary ýatyrmak baradaky şertnamany baglaşmak baradaky hoşniýetlidigine we çynlakaýdygyna yşarat edip Ýewropa taraplaryna ilkibaşdan gepleşik etabyna garşy çykan we häzirki wagtda ähli güýji bilen gepleşikleri ýeňmäge synanyşýan üçünji tarapdan tasir almak barada duýduryş berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Sionist režimiň ýadro gepleşikleri öowsuzlyga uçratmagyň yzynda bolýandygyna yşarat edip bu režim bilen Ýewropa Troikasynyň ugurdaş bolmagyny gynandyryjy bildi.

ýadro gepleşikleriň üç Ýewropa ýurdy höküminde (Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa) şenbe güni beren beýanatynda Eýran bilen ýadro gepleşikleri baradaky talaplaryny gaýtaladylar.

Bu taraplar Eýranyň gepleşiklerde täze meseleleri ara atýandygyny toslandyrlar.

Ýene degişli makalalar

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlady
Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň duýduryş bermegi
Kanani: Eýranyň üç adasy Eýranyň topragynyň aýrylmaz we baky bölegidir
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi