Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň duýduryş bermegi

Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň duýduryş bermegi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani şenbe güni agşam, Ýewropa Troikasynyň Eýran baradaky soňky beýanatyny konstruktiw däl atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani şenbe güni agşam, Ýewropa Troikasynyň soňky beýanatyny konstruktiw däl we ak hoşniýetlikli däl diýip häsiýetlendirdi we bu ýurtlaryň diplomatik gidişini ýok etmek tapgyryna girmegiň ýerine gepleşiklerde galan kynçylyklaryň çözülmeginde has işjeň rol oýnamaklaryny maslahat berdi .

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani şeýlede konstruktiw däl beýannama hakda we sanksiýalary ýatyrmak baradaky üç Ýewropa ýurdunyň hoşniýetlige garşydygy barada şeýle diýdi: “Diplomatik gatnaşyklar bolan ýagdaýynda Ýewropa ýurtlarynyň üçüsi beýle beýannama ýalňyş hereketdir we geň galdyryjy we gynandyryjy bolýar diýdi.

Kanani sözüniň üstüni ýetirdi: Bu pikir edilmedik beýannama bilen Ýewropa ýurtlary sionist režimiň ýadro gepleşikler bilen tersleşýän syýastyny alyp barýarlar we şeýle çemeleşme dowam etdirilse, netijeleri üçin jogapkärçiligi hem kabul etmelidigi äşgärdir diýip nygtady.

Ýewropa Troika ady bilen tanalýan Germaniýa, Fransiýa we Beýik Britaniýa, 4 + 1 toparynyň agzalary bolan üç Ýewropa döwleti, şenbe güni Eýranyň duýgur diplomatik pursatdan peýdalanmaýandygyny öňe sürdiler, Eýranyň ýadro programmasyny giňeltýändigini we bu programmaň parahtçylykly däldigini tosladylar. beýannamanyň ahyrynda Ýewropa Troika, Eýrany Wena gepleşikleriniň gidişinde öňe gitmezlikde günäkärleýär.

Häzirki Ýewropa Troikasynyň logiki däl we konstruktiw däl pozisiýasy, Tährana basyş bermek üçindir we onuň ABŞ-yň öňünde boýun egmegi sebäplidir.

Eýranyň ýadro gepleşikleri toparynyň geňeşçisi "Muhammet Marandi" Yslam respublikasynyň ýadro şertnamasyny bozmandygyny we ondan ýüz öwürmändigini aýdyp, Angliýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň Ak tamyň syýasatlaryna eýerýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystany demir ýollaryň uzynlygyny 8 müň kilometre ýetirmekçi
Kanani: Eýranyň üç adasy Eýranyň topragynyň aýrylmaz we baky bölegidir
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi
Amerikanyň Siriýada bikanun bolmagyna we toslamalaryna Eýranyň reaksiýasy