Eýran Yslam Respublikasy, ýadro şertnamasynyň doly durmuşa geçirilmegine täzeden başlamagyň ýoly görkezilen Ýewropa tarapyndan teklip edilen tekste öz ýazmaça jogabyny hödürledi we eger Amerikanyň jogaby realizm we çeýeligi bilen bilelikde bolsa, ylalaşyk gazanylar diýip yglan etdi.
Eýrana garşy sütemli we bikanun sanksiýalary ýatyrmaga gönükdirildi gepleşikleriň täze tapgyry, 4-nji awgust, penşenbe güni Wenada başlandy we duşenbe, 8-nji awgustda tamamlandy.
Gepleşikleriň bu tapgyrynda Wena gepleşiklerinde Ýewropa Bileleşiginiň koordinatory "Enrike Mora" tarapyndan birnäçe teklip edildi.
Wena gepleşiklerine gatnaşýan ýurtlaryň köpüsi, Eýrana garşy edilýän zulumly we bikanun sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we gepleşikleriň has çalt tamamlanmagyny isleýär emma gutarnykly ylalaşyga gelmek, galan birnäçe möhüm meseleler boýunça Amerikanyň syýasy kararlaryna garaşýandyr.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hödürlenen Wena şertnamasynyň soňky taslamasyna jogap hökmünde öz pikirini mälim etdi. Eýran toparynyň pozisiýasyndan görnüşi ýaly, tapawutlar üç meselede, ABŞ iki ýagdaýda dilden çeýeligini beýan etdi, ýöne bu tekste goşulmaly. Üçünji mesele, Eýranyň bähbitini goramak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň realizmine bagly olda ýadro şertnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilmegini kepillendirmek bilen baglanyşykly.
Bu meseleler düýn agşam (duşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň ýörite ýygnagynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we netijede Eýranyň pozisiýalary sişenbe güni irden gepleşikleriň utgaşdyryjysy hökmünde Ýewropa Bileleşigine ýazmaça berildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň gepleşik toparynyň geňeşçisi "Muhammet Marandi" Twitterde Eýranyň öz aladalaryny beýan edendigini, ýöne galan meseleleri çözmegiň beýle kyn däldigini aýtdy.
"Marandi", Eýranyň aladalarynyň günbatarly taraplaryýadro şertnamasyna bolan ähdi ýalanlygy bilen baglanyşyklydygyny aýtmak bilen "Ylalaşyk gazanylar diýip biljek däl, ýöne ylalaşyga öňküsinden has ýakynlaşdyk diýip beýan etdi".