Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň hemişelik wekilleri Ýewropa Parlamentine indiki saýlawlaryň 2024-nji ýylyň 6-njy iýunyndan 9-njy iýunyna çenli aralykda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlarynda geçiriljekdigi barada ylalaşdylar. Bu saýlawlarda Ýewropa Parlamentiniň 705 wekilini saýlanar.
Geljek ýyl Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlar 1979-njy ýylda geçirilen ilkinji göni saýlawdan bäri 10-njy we Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykanyndan bäri geçiriljek ilkinji saýlaw bolar. “Brexit”-iň netijesinde 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Korollygyň wekiliýetiniň 27 orny beýleki ýurtlaryň arasynda paýlandy.
Saýlawlar dört günüň dowamynda her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär we dünýädäki iň uly transmilli ses berişlik hasaplanýar. Bu syýasy çärede dürli milletlerden bolan 400 milliondan gowrak ses bermäge hukugy bolan saýlawçy Ýewropa Parlamentinde öz syýasy wekillerini saýlaýar.
Kanun çykaryjylaryň düzüminiň täzelenmegi Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçylygyna, şol sanda häzirki wagtda Ursula fon der Lýaýeniň we Şarl Mişeliň eýeleýän wezipelerine täsir eder.Fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hökmünde ikinji bäş ýyllyk möhlete dalaş etmek niýetiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny entek tassyklamady, şol bir wagtyň özünde Şarl Mişeliň Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipesinde galmagyna kanuny taýdan gadagan edilýär, sebäbi bu wezipe yzygiderli iki möhlet bilen çäklendirilýär. 2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen öňki saýlawlarda umumy ses berişlik 50,66% bolup, 2014-nji ýyldaky ses berişlikden ep-esli köpdür.