Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny mugallymlary we talyplary Watan kinokonsert merkezinde nusgawy aýdym-sazlar agşamyny guradylar.Konsertde russiýaly, Günbatar ýewropaly we türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.Birinji ýyl talyby Merjen Amanowa roýalda Sergeý Rahmaninowyň Ýarmarka etýud-kartinasyny çaldy.

Ol ýaşlygyna garamazdan halk meýlisiniň özboluşlylygyny beýan edýän eseriň dürli öwüşginli melodiki dilini ussatlarça bermegiň hötdesinden geldi.Tomaşaçylar ýaş pianinoçynyň çykyşyny mähirli garşyladylar.Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa italýan kompozitory Luiji Arditiniň Posa aýdymyny aýtdy.

Oňa roýalda halkara bäsleşiklerinň laureaty Stella Faramazowa sazandarlyk etdi.Sesiň walsy diýilýän eser baý wokal öwüşginleri we duýgylar ummany bilen özüne maýyl etdi.Pýotr Çaýkowskiniň, Ferens Listiň, Frederik Şopeniň, Žorž Bizeniň, Juzeppe Werdiniň eserleri nepis saz pikirler we intonasiýalara baý owazlar älemine atardy.

Nury Halmämmedowyň Mersiýeli prelýudiýa we fuga sazy milli kompozitorlyk mekdebiniň eserler tapgyryny açdy.Merjen Amanowa ýene sahna çykyp, ajaýyp kompozitoryň iň güýçli fortepiano eserleriniň biriniň göwrümli saz dilini we filosofiki nagyşlaryny çeper röwüşlerde çalyp, diňleýjileriň alkyşyny aldy.

Frederik Şopeniň eserlerini ussatlarça ýerine ýetirip, saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanan başga bir pianinoçy Sona Nuryýewa kakasy Durdy Nuryýewiň döreden Ekspromt-fantaziýasyny ýerine ýetirdi.Konserwatoriýanyň wokalçylary Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň müdimi Şasenem-Garyp operasyndan dört aýdym aýtdylar.

Röwşen Baýramow (tenor), Bibijemal Amanowa (soprano) we Amangeldi Amanow (bariton) ariýalardyr ariozalary ussatlarça ýerine ýetirdiler.Soňra är-aýal Bibijemal we Amangeldi Amanowlar Juzeppe Werdiniň Trubadur operasyndan Leonaranyň hem-de graf de Lunyň keşbinde öz partiýalaryny ajaýyp ýerine ýetirip, şowhunly el çarpmalardyr Aperin!

diýen alkyş sözlerine mynasyp boldular.Konsert saz muşdaklaryna ajaýyp saz owazlarynyň bahar täsirleriniň dürli röwüşlerini peşgeş berdi.

Ýene degişli makalalar

Konserwatorýanyň Uly zalynda saz barokkosy eýýamynyň ussatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Konserwatoriýanyň Uly zalynda milli we ýewropa nusgawy sazlary ýaňlandy
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Tanymal pianinoçy Amangül Gylyçmyradowa Aşgabatda çykyş etdi
Türkmen sazandalary Iogannes Bramsyň iň gowy eserlerini ýerine ýetirdiler