Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jübütleri kesgitlenildi

Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jübütleri kesgitlenildi

UEFA Ýewropa ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda Roma Aýaks bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Italiýanyň Rim şäherindäki Olimpiko stadionynda geçdi. 49-njy minutda Aýaksyň hüjümçisi Braýan Brobbi ilkinji pökgini tora girizdi, Roma bolsa 72-nji minutda Edin Jekonyň goly bilen hasaby deňledi. Bu klublaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk Romanyň 2:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Romanyň ýarym final garşydaşy öz meýdançasynda Ispaniýanyň Granadasyny ýeňen Mançester Ýunaýted bolar. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Hasap 6-njy minutda açyldy. Mançester Ýunaýted toparynyň hüjümçisi Edinson Kawani gol geçirdi. Duşuşygyň 90-njy minudynda ýer eýeleriniň hüjümlerinden biri Hesus Walýehonyň pökgini öz derwezesine gönükdirmegi bilen tamamlandy. Klublaryň ilkinji duşuşygy hem Mançester Ýunaýtediň 2:0 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.

Beýleki çärýek final duşuşygynda Willarreal Dinamo Zagrebi 2:1 hasabynda ýeňdi. Ilkinji oýunda ispanlar 1:0 hasap bilen ýeňiş gazanypdylar. Willarrealyň baş tälimçisi Unai Emeri karýerasynda altynjy gezek toparyny Ýewropa ligasynyň ýarym finalyna alyp, tälimçileriň arasynda ýaryşyň rekordyny goýdy.

Ýarym finalda Emeriniň şägirtleri Praganyň Slawiýasyny ýeňen Londonyň Arsenaly bilen duşuşar. Pragadaky Eden stadionynda geçirilen oýunda londonlylar 4:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Gollary Nikolýa Pepe (18-nji minut), Aleksandr Lýakazet (dubl, 21 - pen, 77) we Bukaýo Saka (24) tora girizdi. Londonda geçirilen ilkinji oýun deňlikde tamamlandy - 1:1.

Şeýlelik bilen, ýarym final tapgyryň ähli jübütleri kesgitlenildi. Ilkinji ýarym final duşuşyklary 29-njy aprelde, jogap oýunlar - 6-njy maýda geçiriler. Final duşuşygy 26-njy maýda Polşanyň Gdansk stadionynda geçiriler

Ýene degişli makalalar

3-nji noýabr
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýunlarynyň netijeleri
Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
PSŽ bir ädim öňde