Ýewropa ligasynyň çempiony “Wilýarreal”

UEFA-nyň ikinji derejeli klub ýaryşy Ýewropa ligasynda çempion belli boldy. Polşanyň Gdansk şäheriniň “Meiýski” stadionynda (“Arena Gdansk”) oýnalan finalda Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary bilen Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby duşuşdy. Fransiýaly Klemen Turpeniň eminlik eden oýnuna 9412 janköýer gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen oýnuň 29-njy minutynda Žerar Moreno derwezä girizdi.Bu onuň şu ýaryşdaky 7-nji, möwsümdäki 30-njy goly boldy.Duşuşygyň birinji ýarymy 1-0 hasabynda ispan toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ikinji ýaryma iňlis kluby hüjümde başlady.Oýnuň 55-nji minutynda Edinson Kawani hasaby deňledi. Şondan soňam “ýunaýtedli” futbolçylar birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler.Duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy.

Goşmaça 30 minutyň ilkinji ýarymynda ispan topary agdyklyk etdi. Ýöne olara hasaby üýtgetmek başartmady. Soňky 15 minutda-da toparlar garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnadylar. Netijede, goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi we ýeňijini penaltiler kesgitledi. UEFA Ýewropa ligasynda ikinji gezek final duşuşygynyň ýeňijisi penaltiler esasynda belli bolup, ondan öň 2014-nji ýylda “Sewilýa” topary “Benfikany” ýeňipdi.

“Wilýarreal” toparynyň 11 futbolçysy-da penalti urgularyny dürs urmagy başardy. “Ýunaýtedde” 10 futbolçy penaltini takyk ýerine ýetirdi. 11-nji bolup derwezeçi Dawid De Heanyň ýerine ýetiren urgusyny “Wilýarrealyň” derwezeçisi Žeronimo Rulli saklamagy başardy. Şunlukda, penaltilerden soň 11-10 hasabynda öňe saýlanan “Wilýarreal” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny eýeledi.

Ispan toparlarynyň hem Emeriniň kubogy

“Wilýarreal” topary UEFA-nyň bu kubogyny eýelän 29-njy topar, 5-nji ispan kluby hökmünde hasaba alyndy.Toparyň tälimçisi Unaý Emeri bolsa karýerasynda 4-nji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny asmana göterdi (2014, 2015, 2016, 2021). Şeýle-de ispan toparlary bassyr 10-njy gezek finalda iňlis toparlaryndan üstün çykmagy başardy. 13-nji gezek bu kubogy eýelän ispan toparlary soňky 18 ýylda 11 gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy. “Wilýarreal” bu kubogy ýeňlişsiz gazanan 8-nji topar boldy.

“Wilýarreal” geljek möwsümde UEFA Çempionlar ligasyna gatnaşar we bu ýaryşdaky 5-nji ispan kluby bolar.

Ole-Gunnar Solskaýeriň tälimçiliginde ilkinji kubogyna ymtylan “Mançester Ýunaýted” Ýewropa ligasynyň finalynda birinji gezek ýeňlip, olar 2017-nji ýylda kubogy eýeläpdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ähli çärýek finalçylar belli boldy
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
PSŽ bir ädim öňde