Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýunlarynyň netijeleri

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýunlarynyň netijeleri

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň merkezi duşuşygynyň ilkinji oýnunda Mançester Ýunaýted Milan bilen deňme-deň oýnady — 1:1. Duşuşygyň 50-nji minudynda ilkinji pökgini iňlis klubunyň oýunçysy Amad Diallo geçirdi. Duşuşyga goşmaça goşulan ikinji minutda bolsa Milanyň goragçysy Simon Kýer hasaby deňledi.

Ugurdaş oýunda başga bir iňlis kluby Arsenal Gresiýanyň Olimpiakosyny 3:1 hasabynda ýeňdi.Iňlis klubundan Martin Edegor (34), Gabriel (79) we Mohammed el-Nenni (85), grek klubundan bolsa Ýussef El-Arabi (58) tapawutlanmagy başardy. Ýaryşyň beýleki oýunlarynda Aýaks (Niderlandlar) öz meýdançasynda uly hasap bilen şweýsariýaly Ýang Boýzy (3:0), ispan Granadasy norwegiýaly Moldeni (2:0), iňlis Tottenhemi zagreb Dinamosyny (2:0), italýan Romasy bolsa ukrain Şahtýoryny (3:0) ýeňdi.

Kiýewiň Dinamosy öz meýdançasynda Unai Emeriniň Willarrealyndan utuldy (0:2). Çeh Slawiýasy we şotlandiýaly Reýnjers deňme-deň oýnadylar (1:1).Toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary 18-nji we 19-njy martda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

3-nji noýabr
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jübütleri kesgitlenildi
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
PSŽ bir ädim öňde