Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri

Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri

Ýewropa ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Mançester Ýunaýted öz meýdançasynda Granadany 2:0 hasabynda ýeňdi. Gollary Markus Reşford (31-nji minut) we Brunu Fernandeş (90, pen.) geçirdi.

Londonyň Arsenaly bilen Praganyň Slawiýasynyň arasyndaky duşuşykda hasap 86-njy minutda açyldy.Iňlis klubundan Pepe gol geçirdi.Emma emin tarapyndan goşulan goşmaça wagtda çeh klubunyň futbolçylary Goleşiň tagallalary bilen hasaby deňlediler.

Netijede duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.Aýaks öz meýdançasynda Romadan 1:2 hasabynda ýeňildi.Niderland klubundan Klasseniň 39-njy minutda ilki bolup hasaby açandygyna garamazdan, Pellegrini (57) we Rojer Ibanýes (87) klubuna myhmançylykdaky ýeňşi getirdi. Ýewropa ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň çäklerinde Zagrebiň Dinamosy öz meýdançasynda Unai Emeriniň Willarealyndan 0:1 hasabynda ýeňildi.

Duşuşykda ýeke-täk goly 44-nji minutda Žerar Moreno penaltiden geçirdi.

Ýene degişli makalalar

965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler
Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ähli çärýek finalçylar belli boldy
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Ýewropa ligasynyň çempiony “Wilýarreal”
120-nji möwsüme badalga berler
56 ýyllyk rekordy gaýtalady