Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň ministrleriniň duşuşygynda kosmos Gün elektrostansiýasynyň taslamasynyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagy üçin pul serişdesini soramakçy bolýar. Pul mukdary habar berilmeýär, ýöne möhlet eýýäm belli esaslandyryş 2025-nji ýyla çenli tamamlanmaly, şonda taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada karara gelner. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.
Kosmosda ýerleşýän Gün elektrik stansiýalarynyň (SBSP) taslamasyny döretmek baradaky maksatnama ABŞ-da, Hytaýda, Beýik Britaniýada we Russiýada işe girizildi. Ýeriň orbitasyndaky Gün elektrik stansiýalary Gün bilen hemişe şöhlelendirilip, optimal režimde üznüksiz elektrik öndürip biler.
Energiýa Ýere lazer şöhlesi boýunça-da, ýokary ýygylykly radio şöhlelenmesi görnüşinde-de iberilip bilner. Ýewropanyň SBSP taslamasy Solaris adyny alar.ESA-nyň SBSP taslamasynyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagynyň maliýeleşdirilmegi üçin ýüz tutmasy Ýewropa kompaniýalary: Britaniýanyň Frazer-Nash we Germaniýanyň Roland Berger kompaniýalary tarapyndan geçirilen iki tematiki gözlege daýanýar.
Bu kompaniýalaryň ikisi-de SBSP-niň şol bir wagtyň özünde Ýewropanyň komissiýasy tarapyndan kesgitlenen 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola getirmek maksadyny goldamak bilen, Ýewropanyň energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin potensiala eýedigi baradaky netijä geldiler.
Frazer-Nash-yň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň kosmos Gün elektrik stansiýasynyň (elektrik stansiýalarynyň) bahasy 2022-nji ýyldan 2070-nji ýyl aralygynda 149 mlrd ýewrodan 262 mlrd ýewro çenli bolup biler.
Eger hasap üçin “gigawat derejeli” 54 hemrany alsak, olar bu döwürde sebitde işläp düzmeler we ulanylyş üçin 418 mlrd ýewro çykdajyda 601 mlrd ýewro peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde, esasy peýda kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmagyň we Ýerde elektrik stansiýasynyň ulanylyşy üçin çykdajylary azaltmagyň hasabyna bolar.
Roland Berger-iň gelen netijesi boýunça, bar bolan gurluşlaryň esasynda SBSP-niň bir hemrasyny döretmek esasy tehnologiýalarda öňegidişlik gazanylan halatynda 8,1 mlrd ýewro, onuň geljek 30 ýylda ulanylyşy bolsa 7,5 mlrd ýewro düşüp biler.
Eger öňegidişlik bolmasa, onda hemra 33,4 mlrd ýewro, onuň ulanylyşy 31,1 mlrd ýewro düşer.