Ýewropa kosmosa dolandy

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan işlenip taýýarlanan Ariane 6 raketasy uçuryldy. Fransuz Gwineýasyndan uçurylan göteriji raketa bilen üç sany emeli hemra toplumy kosmosa iberildi. Taslamanyň umumy bahasy 4 milliard ýewro bolup, ýylyň ahyryna çenli ýene bir raketanyň uçurylmagyna garaşylýar. Fransiýanyň CNES kosmos agentliginiň ýolbaşçysy Filip Baptiste bu waka Ýewropa kosmosa dolandy diýen sözler bilen baha berdi.

Göteriji raketa Airbus AIR.PA we Safran SAF.PA kompaniýalary tarapyndan bilelikde döredilen ArianeGroup tarapyndan işlenip taýýarlandy. Ilkibaşda raketanyň 2020-nji ýylda uçurylmagyna garaşylýardy. Mundan ozalky Ariane 5 raketasy bir ýyldan gowrak wagt ozal ulanyşdan galdyryldy.

2010-njy ýyldan soň kosmos pudagynda hususy kompaniýalaryň peýda bolmagy bilen kosmosa emeli hemralary, ýük we adam ugratmak ep-esli derejede arzanlady.Bu bolsa bäsdeşligi örän ýitileşdirdi.Netijede, döwlete degişli kosmos agentlikleri hususy kompaniýalar bilen has ýiti bäsdeşlige girmeli boldular. Ýewropa döwletleri emeli hemralaryny bu ugurda öňdebaryjy hasaplanýan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy bilen kosmosa uçurmaly boldy.

Bu kompaniýa geçen ýyl 96 raketa uçurdy. Şu ýylyň başyndan bäri bolsa, 70-e golaý raketa kosmosa uçuryldy.Emma olaryň köpüsi kompaniýanyň özüne degişli bolan Starlink emeli hemralarydyr.

Häzirki wagtda özbaşdak kosmos bekedini gurýan we kosmosy özleşdirýän Hytaý bolsa, geçen ýyl jemi 67 uçuşy amala aşyrypdyr.

Ýewropa Kosmos agentligine 22 döwlet agza bolup, Ariane 6-dan geljekde her ýylda 12 sanysy uçurylar. ESA has kiçi raketa taslamalaryny hem durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar
“SpaceX” 15 sany täze “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan