Ýewropa Komissiýasynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Ýewropanyň parlamenti Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine hödürlenen Ursula fon der Lýaýeniň dalaşgärligini tassyklady. Şeýlelikde, ol Ýewropa Komissiýasynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy boldy.Hormatly Prezidentimiz hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady.“Biz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de ýola goýlan köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýäris” diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem ýokary, jogapkärli täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän hem-de sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ylalaşdyryjylyk kuwwatyny görkezýän strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Ýewropa Bileleşigi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär.

Sebitde we dünýäde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny goldaýar.Golaýda Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym Federika Mogerini ýurdumyzda saparda boldy.

Bu saparyň çäklerinde “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropa Bileleşiginiň, Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetini döretmek hem-de onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda” Ylalaşyga gol çekilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere çykmagyna itergi berer.

ÝEWROPA KOMISSIÝASYNA TÄZE ÝOLBAŞÇYÝewropa parlamentiniň wekilleri Strasburgdaky maslahatynda Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlady. Şu ýylyň noýabr aýynda ol Ýewropa Geňeşiniň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýokary edarasynyň başlygy Žan-Klod Ýunkeriň ýerine geçer. Siziň maňa bildiren ynamyňyz, bitewi we güýçli Ýewropa bolan ynamyňyzyň beýanydyr.

Bu uly jogapkärçilik bolup, meniň işim häzirden başlanýar diýip, Ursula fon der Lýaýen aýtdy.Ursula fon der Lýaýeniň dalaşgärligi döwlet we hökümet ýolbaşçylary tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň iýun sammitinde öňe sürlüpdi. Şonda oňa 383 wekil ses berdi. Ýewrokomissiýanyň täze başlygy esasy üç fraksiýanyň hristian demokratlaryň, sosialistleriň hem-de liberallaryň goldawyna eýe boldy.Ol Ýewropa Komissiýasynyň ilkinji zenan başlygydyr.

Ursula fon der Lýaýen öňümizdäki bäş ýylda Brýusseliň merkezindäki Berlemon binasynda işlär.Ol bu şäherde 1958-nji ýylda dogulýar, ene dilinden başga iňlis we fransuz dillerini bilýär.Soňky ýyllar Ursula fon der Lýaýen Angela Merkeliň federal hökümetinde goranmak ministri bolup işledi.Ýewropa Komissiýasynyň täze ýolbaşçysybarada käbir maglumatlar:* Ursula fon der Lýaýen Brýusselde dünýä inip, şol ýerde-de ulalypdyr.

Kakasy belli german syýasatçysy bolup, Ýewropa Komissiýasynyň düzüminde işledi hem-de bu ýurduň HDB partiýasynyň wekilidir.* Germaniýanyň ozalky goranmak ministri Ursula fon der Lýaýen bilimi boýunça lukman.Gannowerdäki ýokary lukmançylyk mekdebini tamamlady.

Gannowerdäki uniwersitete degişli saglygy goraýyş merkezinde işledi we şol şäherdäki ýokary lukmançylyk mekdebinde mugallymçylyk etdi.Onuň ýanýoldaşy Heýko fon der Lýaýen hem lukman.Olaryň 7 çagasy bar.* Ursula fon der Lýaýen syýasy durmuşyna 40 ýaşynda gadam basdy.

Ol 1990-njy ýylda Germaniýanyň Hristian-demokrat bileleşigi partiýasynyň agzalygyna saýlandy.Partiýanyň düzüminde köp ugurlarda zähmet çekdi.Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hökümetiniň düzümine girdi.* Germaniýanyň Kansleri Angela Merkeliň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň düzüminde ministrlikleriň 3-üsinde işledi. 2005-nji ýylda ol maşgala, garrylar, zenanlar we ýaşlar boýunça ministr wezipesine bellendi.

Soňra zähmet ministri wezipesinde işledi. 2014-nji ýylda bolsa Germaniýanyň goranmak ministri boldy.* Ol Germaniýanyň hem ilkinji zenan goranmak ministri boldy.* Ursula fon der Lýaýen Germaniýanyň iň tanymal syýasatçylarynyň biridir.

Dürli ýyllarda ýerli metbugatda onuň ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär boljakdygy barada makalalar çap edildi. Şeýle hem ol Angela Merkeliň hem oruntutary hökmünde görkezildi.* Ursula fon der Lýaýen 60 ýaşynda.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Gresiýadaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Brýussele sapary meýilleşdirilýär
Erkin söwda gepleşiklerine täzeden başlaýar
Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder
Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň başlygyna ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele sapar bilen barmagyna garaşylýar